ŞYHYMYRAT ABDYLLAÝEW - DAÑ ÝYLDYZY (Poema) (2-nji bölüm) Ýeňi ýoluk garyplar Atan baýyñ taýymy?! Her kim bilip otursyn Oturmaly jaýyny! Ýañkalaşyp durjak däl, Gep gutardy señ bilen. Çagyr, hany, gyzyñy, Indi gürrüñ oñ bilen. Gyzyñ giren mahaly Gelme onuñ ýanyna. Aýdanymy etmeseñ Haýpyñ gelsin janyña-             ***** Gözi ýaşly Dursunyñ Sarsyp gitdi ýüregi. --Bagt kölüne çagamyñ Batjak däl-ow küregi.- Diýip, assa pyşyrdap, Gapydan çykyp gitdi. Gözündäki ýaşlary Gan bolup, akyp gitdi. Sarsgyn bilen urýardy Hökümdary kalbynyñ. Görse beýle bolmazdy Gazylýanny gabrynyñ. Artdyrmasyn neneñ ol Ýüreginiñ go:ryny! Ykbal gözden aýyrjak Gyzynyñ didaryny. Halanyna gowuşman, Özi ýaly ýanjakdy. Kaýyl bolup kysmata, Ahyrynda sönjekdi. Ah, mañlaý, gara mañlaý, Agararsyñ haçan sen? Belki gar dek bolarsyñ Suw señrikden geçensoñ!"                ***** --Jigerbendim, ezizim, Baryp gaýyt yanyna. Kaýyl bolaý kysmata, Galaýmasyn ganyña.- --Ölsem, janym eje jan, Bagtym üçin ölerin. Diri bolsam jahanda, Men şonuñky bolaryn-- Bay garaşyp otyrdy Gelerne Aýjemalyñ. Gönükdirip her ýana Dürli pikir-hyýalyn. Gapy ýuwaş acyldy, Girdi gyz edep bilen. Dalamakçy atasy Şerebeli gep bilen. Agyr kysmat sebäpli Kalba siñen dert bilen, Ýören gyzy aglatjak Şerebeli gep bilen. Birehim nebisden Tekge berlen gop bilen, Gyza naýza urmakçy Şerebeli gep bilen. --Haramzada geldiñmi, Otur, hany, şu ýerde. Aýyt, kimler bolup ýör Saña görüm-görelde - At-a näme diýmeli? Aýtmalymy hemmesin? Gelip baýyñ gahary, Beräýmezmi temmisin?! Näm bolsa şol bolsuna Urmalymy ýa bagty? Gitmelimi Aýjemal Dünýeden juwan wagty? Diýse ýigde "gaçaly", Tyýkyramaz, elbetde. Emma, kesel enesi Kösenmezmi ezýetde? Atam ony silterläp, Janyny alaýmazmy? Görgüli biçäräniñ Ganyna galaýmazmy? "Neneñ-niçik bolsa-da Bagtdakyny göreýin. Gaçyp bolmaz kysmatdan, Niýetimde duraýyn" Gaharlanyp Atan baý Bakdy oñ görejine. --Sylamany atañy Gidip ýörmiñ kejine - Iki juwan söýgisi Güýçlidi hemme zatdan. Şonuñ üçin şeý diýdi Gyz çekinmän haýbatdan. --Tanaýañ Muhammedi, Meret aganyñ ogly. Belki, Hudaý ýazandyr, Ykbalym şoña bagly - --Kes sesiñi bedasyl, Gepleme mundan artyk. Soguraryn diliñi Şu ellem bilen dartyp. Hudaý-a däl, meñ ýazan Bagtym bilen oñarsyñ. "Ere" diýsem erärsiñ, "Doñ" diýsemem doñarayñ - --Duzuñ bolup eremen, Buzuñ bolup doñmaryn. Eger ýazgyt bar bolsa Şol ýigitden dönmerin - Atan baý sogrup aldy Gapdalyndan pyçagyn. Üstünden basyp geçdi Ortadaky saçagyñ. Tutup gyzyñ saçyndan, Süýredi o ýan - bu ýan. (Bu bir degişmesidi Gowgaly-ganly dünýäñ) --Dur, kaka, bir sözüm bar Ölmezimiñ öñ ýany. Ölsem bo:run ýeriñki, Ölmesemem şoñ ýary - Örän oñat bilýärdi Gyzyñ häsiýetini. Indi ullanmakçy baý Hileli niýetini. Telpegini ters geýip, Bolup örän başagaý, Dikdi gözün nokada, Agyr oýa düşen baý. Birden gyza bakdy-da, Diýdi:-- Geçir günämi. Gyzym, indi añşardym Sogap bilen günäni. Düşünmäni hiç zada, Akmaklyk edipdirin. Şer gylykly şeýtanyñ Ugruna gidipdirin. Nähak degip göwnüñe, Azar beren ekenim. Haýyr işiñ ugruna Garşy ýören ekenim - Tüýkülikläp ogrynça, Gözlerini ölledi. Mukaddes ata bolup, Perzendini aldady. Sada, emma ýürekli, Eziz türkmen gyzynyñ Ýüzi ýagtylyp gitdi, Nury artyp gözüniñ.  (2-nji bölümiň soňy, dowamyny indiki mowzukda paýlaşarys)

Köneler, herchemenden tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir