Duzly Kofe Ol gyzy bir oturluşykda görüpdi. Gaty owadan gyzdy. Hemme oglanlar onyň bilen tanyşjak bolýardy. Oturluşyk gutaranyndan soňra ol gyzy kofe içmäge çagyrdy. Gyz oglany tanamaýardy. Oňa kän ünüs hem bermändi. Emma oglanyň eden teklibine näziklik bilen `bolýar` diýdi. Olar köçäniň gyrasyndaky çaýhanada kofe içmek üçin oturdylar. Emma oglan gyzyň ýanynda gaty aljyraýardy. Sebäbi gyza gaty aşyk bolupdy. Gyz bu ýagdaýda kän oturman öýüne gaýtmagy ýüregine düwende oglan ofisanty çagyrdy we ondan duz isledi. `Kofeme atmak üçin` diýdi. Muny eşiden beýleki müşderiler hem geň galyp oňa seredişdiler. Oglan utanjyndan ýaňa dym gyzyl boldy. Ýöne hiç zat bolmadyk ýaly duzy kofesine atyp içmäge başlady. Gyz hem haýran galyp `Üýtgeşik agyz tagamyňyz bar` diýdi. Oglan bu ýagdaýy şeýleräk düşündirdi `Çagakam deňiziň kenarynda ýaşaýardyk. Hemme wagtymy deňizde we kenarynda geçirýärdim. Deňiz suwynyň tagamyna öwrenişdim. Duz tagamy bilen ulaldym. Şondan bäri hem kofeme duz atyp içýärin. Haçan şeýdenimde çagalygym ýadyma düşýär we ene-atamy ýatlaýaryn. Enem-atam şu wagt hem şol ýerde ýaşaýar. Olary şu wagt hem gaty göresim geldi`. Bulary oglan gyza gürrüň berýän wagty oglanyň gözi ýaşarypdy. Gyz oglanyň gürrüňünden täsirlenipdi. Gyz oglanyň açyk ýürekli, göwünjeň, maşgalasynyň aladasyny edýän we maşgalasyna eýe çykýan biridigine göz ýetirdi. Oglan gürrüňini soňlandyrandan soňra gyz hem öz duruşy barada, çagalyk ýyllary barada, maşgalasy barada gürüň berdi. Bu ýerde gyz bilen oglanyň arasynda gyzykly söhbet bolupdy. İkisi hem biribirine ysnyşypdylar. Gyz bilen oglan ýene duşuşmaga dowam etdiler. Ençeme duşuşykdan soňra biribirlerini halamaga başladylar. Esli wagtdan soňra bolsa durmuş gurup toý etdiler. We bir ömür boýy agzybirlikde ýaşadylar. Hiç wagt birbirleriniň göwnüne degmediler. Aýaly adamsyna haçanda kofe taýynlanynda onuň kofesine duz atyp berdi. Bu ýagdaý 40 ýyl dowam etdi. 40 ýyl soň adam ýaraman ýatdy we öljegini bildi. Öljek wagty aýalyna `Ölenimden soňra aç` diýip bir hat goýdy. Aýaly hem adamsy öleninden soňra ol haty açyp okady. Hatda: `Ezizim! Meni bagyşla. Bütün durmuşymyzy bir ýalan bilen dowam edenligim üçin meni bagyşla. Saňa ömrümde ýakeje gezek ýalan aýtdym. Ol hem `Duzlu Kofe`. Ýadyňdamy ilkinji gezek duşuşanymyz şonda aljyraňlylyk we utanjymdan `şeker` diýjek bolup durkam agzymdan `duz` sözi çykdy. Sen we beýlekiler maňa serdip durkaňyz utanjymdan täzeden `şeker` diýmäge çekindim. We ömür boýy bu ýalan bilen dowam etdim. Saňa hakykaty aýtmak üçin näçe dyrjaşdym emme sen menden uzaklaşarsyň öýdüp aýdyp bilmedim. Emma indi gorkara zat ýok sebäbi men ölýärin. Hakykaty isleseň men durmuşymda `Duzly Kofe`ni hiç halamaýaryn. Içeniňde ýüregiňi bulaýan tagam bar. Emma seni tanamagyma we seniň meň ýanymda bolmagyma sebäp bolanlygy üçin duzly kofeni ömrümiň soňuna çenli içdim. We muny içenimde ýekeje gezek hem puşman bolmadym. Sebäbi seniň bilen bolmak meniň üçin iň uly bagtdy. Men bu bagty `duzly kofe`ä borçludyryn. Dünýä täzeden gelsem we ýenede seni tanap duzly kofe içmeli bolsam ýenede seniň bilen bagtly bolmak üçin `duzly kofe` içerdim. Aýaly haty okap bolanynda aglaýardy. Ençeme wagtdan soň aýalyň joralarynyň biri `Duzly Kofe`niň tagamy nähili bolýar diýip soranynda ol aýal `Örän süýji` diýip jogap berdi.

Köneler, dayaw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir