Bir obada örän agzybir ýashaýan mashgala bar eken. Obadashlarynyñ biri munuñ sebäbini mashgalabashydan sorapdyr. "Bu ýerde düshünmez ýaly zat ýok. Aýalym mydama meniñ bilen ylalashýar" diýip, ol jogap beripdir. - Seniñ aýalyñam beýleki aýallardan üýtgeshik däldir. Hemishe ylalashýan bolsa, shu wagta çenli saña garshy gitmäge delil tapan däldir. Gel, ony synap göreli. Sen ertir irden öküziñi satmaga äkiden kishi bol-da, meniñ howlyma getirip dañ. Özüñem günortana çenli meniñ öýümden çykma. Öýüñe bosh gaýt, aýalyña-da "sheýle-sheýle" diý. Eger shondan soñam "seniñki dogry" diýse, onda seniñ utdygyñ. Öz öküziñem, meniñkinem äkit. Tersine bolsa, utuldygyñ bolar, öküziñem mende galar - diýipdir. Agzybir mashgalanyñ hojaýyny aýaly bilen edil obadashynyñ öwredishi ýaly gürleshipdir. Öýlän öýüne baryp, ilki söz açypdyr: - Men-ä öküzi sygyra çalshandyryn. - Gowudygyny! Her gün irden gaýmak ýalarys - diýip, aýaly hoshallygyny bildiripdir. - Gaýmak ýalap bolansyñ. Sygry ite çalyshdym. - Oñarypsyñ, kakasy. Pishikler mäwleship, halys ýatmaga goýanok. Indi howlymyza aýak sekip bilmezler. - Entek gaty begeniberme. Iti horaza çalshaýdym. - Wah, saña döneýin kakasy, näme etmelidigini özüñ bilýänsiñ-le! Howlusynda horaz gygyrmadykdanam türkmen bolarmy?! - Horazy towuga çalyshdym. - Aklyñdan aýlanaýyn, kakasy. Getiren towugyñ guzlar durar. Bizem köze gömüp, ýumurtga iýeris. - Towugy telpege çalyshdym. - Tañryýalkasyn, kakasy, bolaýypdyr. Meni joralarymyñ gyjalatyndan dyndyrypsyñ. Idili telpegiñ ýokdygy zerarly utanyp, ile çykyp bilemokdym. Hany, telpegiñi görkez. - Bazardan gelýärkem suwsap, güzere egildim. Shonda telpegim suwa gaçaýdy. Suw akdyryp akidaýdi. - Meni bagyshlaweri, kakasy, ajygyp-suwsap gelipsiñ, men bolsam seni ýöne soraga tutup otyryn. Hany, el-ýüziñi ýuwup, saçagyñ bashyna geç, nahar iýeli - diýip, aýaly tarsa ýerinden turupdyr. Är-aýalyñ gürrüñini diñläp duran obadashy: - Telpek goýdum men size! Utulanymy boýun alýaryn. Bar, iki öküzem getirip, gapyñda dañ - diýipdir. Soñy. Cheshme: www.teswirler.com (Moderator)

Köneler, Maxat tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir