Hudaýdan gorkýan adam hiç zatdan gorkanok, Hudaýdan gorkmaýan welin, ähli zatdan gorkýar...

Düýbünden ýalňyş teoriýa.Gorkaklyk we batyrlygyň din bilen hiç hili baglanşygy ýok.Ony adamlaryň psihologik ýagdaýlary bilen baglanşdyrmak dogry bolardy.Zandy gorkak bolan adam Hudaýa müň ynanýan bolaýsyn,yzyndan it kowalasa "Allajan" diýip gaçmakdan başga zada ýaramaýar.Onuň ýaly adama suw içirip özüne getirmek iş bolýar gaýta.Dogabitdi ýürekli adam ateist bolaýsyn,ýylany tut diýseler şoňada ýok diýmeýär.
Dünýäde näçeden-näçe profissional mafiýalar bar.Olary din diňe millionlap peýda getirjek bolsa gyzyklandyrýar.Edýän işlerem adamlary gorkuzmak,urmak,öldürmek.Zandy gorkak bolan adamdan mafiýa çykmaýar.Jenaýat äleminde gorkaklara ýer ýok.Gorkup,aljyrap,sandyrap ýörenini görseler derrew gümläp goýberýärler.Gorkak adam mafiýaň köçesindenem geçip bilmeýär.Mafiýa boljakmyň?Sen gaty ýürekli,dogumly bolmasaň birtopar kellekeserleriň arasynda uzak saklanyp bilmeýäň.Eger sen Hudaýa ynanýan bolsaň,özüň ýaly gara gününe şükür edip ýören,ile ýamanlygy ýok,sada adamlaryň arasynda ýaşap gezeniňden gowsy ýok.
Karoçi aýdanda gorkaklyk we batyrlyk adamda dogabitdi bolýar.Soňlugy bilen her kim öz ýoluny özi tapyp gidýär.Hudaýdan gorkup gorkmazlyk bolsa bu ikinji mesele.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir