Bir gün öýdäkiler, Begenji öýermek barada gürrüňi gozgadylar. Begenjiň öz halaşýan gyzy bar eken. Aýdyşyna görä «Kakasy bir edaraň başlygy, üç oguldan soň ýeke gyzy, söýgülenip saklanan gyz». Begenjiň ýüzünden asyl gyzyň özüni däl, olaryň baýlygyna höwäs etýänligi mese mälim bildirip durdy.
Gudaçylyga gidilip, galyň geçirildi. Şatlyk şowhun bilen toý dabarasyny tutdular. Menem öz ornumda ýigit ýeňňe derejesini alsamda, gaýynym bilen Begenje ýüz beremakdym.
Kyrk günläp gelin sülmüredi. Sylanlar çörege çagyrdy. Geline iş buýuranam bolmady. Körpe gelinlik derejäni artykmajy bilen görkezdiler. Arasynda gaýnym bilen gidip, bazara aýlanýardylar. Gelibem ýanymda " Gaýnym täze ony alyp berdi, muny alyp berdi» diýip, öwünip aýtýan wagtlary kändi. Başdan meniň düşen ýagdaýymy bilipdir. Ýürek awamadan geçen şol barada bolgusuz gürrüňlerini köpeldip başlady. Şu öýde derejämiň pesdigini pursat tapdygy duýdurup durýardy.
Bir tomusyň güni. Yssydan adam hem gowurlyp barýardy. Aşhanada agşamlyk naharyň ugruna çykdym. Ýanyma eltim, Selbi geldi. O diýip, bu diýip birzatlar gürrüň beryärdi. Diňleýän ýaly bolup, öz işim bilen gümra bolup otyrdym. Palaw ataransoň, käşirleri inçe dograp bir gyrada goýupdym. Gelip, olary iýmäne durdy:
-Wah, seniňem gara günüň şeyle-dä. Sen etýäň, men edeniň işiň miwesin ýygnaýan. Şu öýde köne ulanyjy ýaly bolup ýörsüň.
Bu sözleri eştdip beýnime gan çogdy. Ol maňa gysgaça «Sen meniň gyrnagym» diýip durdy. Eýsem mende muňa düşünmez ýaly beýni ýokmy?! Elimdäki pyçagy alyp edil damagyna çalaýasym gelýärdi. Ýöne bu ýönekeý aýtmak, beýdip bolmajagyna aňym ýetip durdy. Soňra ýalan ýylgyrşym edip:
-Waheý eltibaý, seniň habaryň ýokdy öýtýän. Sen meniň könämiň eýesi ahyryn.
Bu  sözleri eştden Selbiň ýüzi gyzaryp, gahardan çogdy. Ol meniň näme diýjek bolýanyma gowy düşündi. Gözün alardyp «Içim gysýar bärde» diýip gitdi. Sessizje gidenine begensemde bir tarapdan bir zadyň boljagyny aňýardym. Sebäbi Selbiň ary hiç hili ýerde ýatmaly däldi. Ähli adamlar onuň yzynda diýenin edip gezmelidiler. Bu ýagdaýa beýlekiler allansa-da, men ähli zada düşünýärdim.
Begenç işden geldi. Agşamlyk naharam sowduk. Öz jaýymda Daýanjyň eşiklerini ütükläp otyrdym. Gürsäp gapyny uryp Begenç girip gaýtdy. Gapyň agzynda Selbi gözlerin oýnadyp durdy. Eýýäm ýagdaýy aňdym. Begenç elini haýbatlandyryp:
-Eeý, köçäň aýaly. Sen meniň gelnime könemi diýersiň, Hä! Oňa el galdyrmana eliň nädip barýar- diýip, ýaňyrak öçürlen ütügi aýama basyp, ütügi ýere zyňdy. Elimi elinden çekip alyp:
+Selbä el galdyrylmanyny menem, Selbem, Allatagalada bilýär. Sen diňe ýalanlara ynanyp ýören gurjak. Siz gurjak.
-Sen diliňden galasyň gelýär öýtýän -diýip, öňe tarap atyldy. Gorkyp yza nädip tesenimem bilmän galdym. Onýança-da ýakasyndan ýapyşan Daýanç, gapa süýräp çykardy. Birzat ederinden gorkyp yzyndan bardym. «Aýalyň eden işini bilýäňmi?!» diýip, Begenç gygyrýardy. Gapyny ýüzüne ýapyp kowup, göýberdi.
Selbi Begenji gowy gepden doldurypdyr. Hatda etmedik işimem etdi diýipdir. Daýanjyň Begenje gaharlydygyny ýüzünden aňyp bolýardy. Doganlaryň arasy açyldy.Derrew Daýanç türkmenleriň emin edip, elime duzly şerebäni basdy. Bir wagtlykça awysyny bilmändirin. Şol wagt ötüp jydar ýaly däldi.Daýanja ähli bolan zatlary düşündirdim. Olam «Bolýar gynanma» diýip, göwunlik beryardi. Daýanç " Häzir gelerin» diýip gitdi. Çykanam şoldy welin gaýynenem yz ýanyndan geldi."Sen şerraý, albassy. Ahyryn ýüreginde galan aryňy aldyňmy. Iki doganyňam arasyn açdyň. Dogan bolup biri-birlerine el galdyrypdyrlar. Içiň gülip durandyr, hä. Dogman geçen ýerçeken» diýip, agzyna gelenini söwüp gitdi. Gapyda duran Selbä «Ýör gyzym, aglama. Ýaraşarlar» diýip, äkitdi. Görnüşe görä, Selbi gaýynenemem gepden dolduryp özüni akja jüýje edipdir. Eger gaýynymada ses çykaran bolsam, onda bu öýüň soňy nämelere barjaklaklygy belli däl.
Bir iki günden soň Daýanç dogany bilenem arasyny düzledi. Bu wakany ýapypdylar. Ýöne men ýapmadym. Töhmet bilen gören günüm göz öňümden gidenak. Elimde-de ýanygyň yzy galdy. Ol hem wagtal-wagtal ýatladyp durýardy.
Wagt geçip dur. Selbiniň gep gürrüňleri köpelýärdi. Begenji inni özüne ýoldaş däl gul edipdi. Selbi gaýynyny ýamanlaýan wagty Begenç gelip, ejesine gygyrardy. Gaýynym hem Selbiň ýagdaýyna soňabaka düşünip başlady. Ejesi Begenje Selbiň ýagdaýyny düşündirdigiçe, Begenç özüne jogap bererdide giderdi. Soňabaka Selbi bezenip-beslenip, Begenç işden gelýänçä bir ýerlere giderdi. Bu ýagdaý aram-aram gaýtalansa günaşa ýagdaýyna geldi. Telefonda gürleşmelerem köpeldi. Begenji özüne doly ýagdaýda öwürensoň biziň ýanymyzda arkaýyn gymyldaýardy.
Bir gün Selbi uzakly gün telefonda gürleşdi. Begenjiň gelerinden habary ýokdy. Begenç Selbiniň şady horram sesine diňşirgenip, otagynyň gapysynyň agzynda durdy. Diýýän sözlerini eştdip Begenjiň gany çogdy. Kürsäp girip, Selbiniň bokurdagyna ýapyşdy. «Sen şeýdermiň, hä. Sen maňa şeýdermiň" diýip, içine depdi. Selbi agyr urga jydaman, agzyndan gan getirdi. Iki üç depimden soň, Selbiniň ýagdaýy has beter agyrlaşdy. Geplemek aňyrda dursun, bedenini götermäne ysgyny ýokdy. Begenç " Almytyň şudy» diýip, daşaryk çykdy.
Gaýnym bilen men baryp Selbiniň ýüz gözüni ýuwduk. Içini daňyp, owkalap bir azyrak bolsa-da özüne getirdik. Şol ýagdaýda «Siz aýtdyňyz gerek görübilmedikler. Etjek işime serediň indi, durmuşuňyzy burnuňyzdan getirderin» diýip, haýbat atýardy. Öz ýanymdan «Bu hiç haçanam düzelmeýä» diýerdim. Bir günden soň gowy ozüne geldi. Bizden habarsyz goşlaryny jemläp bir ýere gidipdir. «Ýa atasy öýüne ýa-da ikinji ýoldaşyna» diýip, pikir etýärdik.
Agşamara Begenç işden gelensoň, haýady dürsüldäp birileri kakdy. Baryp açsam Selbiniň agalary. Garşy tarapa menini itip, «Begenç, nirde sen Begenç. Özüňe erkek diýip, bir naçara eliň ýetýän bolsa gel men saňa erkekligi görkezeýin» diýip gygyrdylar.
Eýýäm düşünipdik. Selbi öýe gidip ähli zady aýdypdyr. Begenç gelenem şoldy welin, üýşüp üstüne çozdular. Begenç ýekelenip hiçisine güýji ýetmedi. Daýanjam görüneberanakdy. Gaýynenemem «Beýtmäň balamy» diýip, dyzyna çöküp ýalbardy. «Sen şeýdip içine depermiň. Şeýdibem urarmyň» diýip, oglanlaram Begenji urardy.
Ahyryn Begenç bar güýjün toplap, töňňäň üstüne duran paltany ylgap baryp aldy. «Geläýmäň» diýip, paltasy bilen haýbat atyp durdy. Olar ýanyna ylgap baryp, biri paltany aljak boldy birem Begenji urjak… Hana şol ýagdaýda ýalňyşlyk bilen urjak bolan oglany, Begenç böwründen paltany geçirdi. Çapylan oglanyň birden çygyrmasy gulagymyzda ýaňlandy. Gören ýagdaýymyza gözümiziň gorkyşyna elimiz titräp, başymyz aýlandy. Gaýynym «Waý Allam» diýip, özünden gitdi. Iki dogan bolsa, «Agamm» diýip, çapylan oglany tutdular. Ylgap maşyna salyp, hassahana alyp gitdiler. Men hassahana jaň edip, lukman çagyrtdym. Gaýyneneme seretdirtdim. Begenç hem gözün gorkyzyp, doňňara daş ýaly howlyň ortasynda gymyldaman otyrdy.
Şol wagt hem haýatdan täze adamlar geldi. Çykyp görsem polisiýa işgärleri. «Alladurdyýew Begenç biziň bilen gelmeli» diýip, Begenjiň eline zynjyr dakdylar. Gaýynym bilen men derrew daşaryk çykdyk. Elindäkini görüp, öz elimiň aýasynda galan ýara seretdim. Zynjyram görüp ýylgyrdym. Begenjiň meni görenini bildim. Onuň soňky sözleri "Bagyşla, Läle" bolupdy.
 Ejesi hem polisiýa işgärleriniň dyzyna çöküp ýalbardy. Şol pursatlary gören gözlerim ýylgyrýardy. Içimdàki gam gussam azygyp, sowady.
 Begenji "Aýala el galdyranlygy üçin we adamy ýaralanlygy üçin" azatlykdan boşatdylar. Ejesi hem indi meniň yzymda kökenek. Selbem ikinji ärine gaçyp gidipdi.
 Men wagtynda sessizlik bilen ykbalyma kaýyl bolup gezipdim. Gör neneňsi agyrdy, şol ýagdaý. Ýüregimde bitmez ýara bolup galarmyka öýdüpdim. Asyl-ha ýürekdàki arymy, bu pany olardan aldy.

Soňy
Awtory: Babaýewa Sofiýa (Xyivenia)

Eser barada öz garaýyşlaryňyzy, teswirlere ýazyp bilersiʼniz. Göwnüňize ýaramadyk ýeri bar bolsa, gowşak bolsa duýdurmagyňyzy haýyş etýärin.

Edebiýat, Nätänyş adam tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir