2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsan we aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýan programmalary gyzlyk perdaniň barlanylmagynyň bes edilmegine çagyryp çykyş etdi. "Gyzlyk perdäniň barlagy" (gyzlygy barlamak) diýip atlandyrylýan barlag synagy aýal jyns agzalarynyň barlagyndan ybarat. Onuň esasy maksady – aýalyň ýa-da gyzyň jynsy gatnaşykda bolanyny ýa-da bolmanlygyny anyklamakdyr.

Şeýle barlag azyndan dünýäniň 20 ýurdynda geçirliýär. Ýurtlaryň sanawyna Owganystan, Müsür, Günorta Afrika we Indoneziýa ýaly ýurtlar girýär. BMG-yň berýän maglumatyna görä, globalizasiýa netijesinde şeýle öň görlüp eşdilmedik barlaglaryň soňky döwür Belgiýa, Niderlandiýa ýaly ýurtlarda hem geçirilýandigi bellenilýär. Barlag dürli maksatlary yzarlýar – mekdebe girmek üçin, durmuşa çykmak, işe girmek ýa-da jynsy zorlanmany anyklamak maksady bilen geçirilýär.

TERJIME – “GYZLYK PERDÄNIŇ BARLAGYNYŇ” geçirilmegi bes edilmeli. Gyzlyk perdäniň barlagy ylmy, lukmançylyk taýdan ähmiýetsiz, zyýanly we. zenanlaryň hukuklarynyň depelenmeginiň alamatydyr.

Beýannamada "Gyzlyk perdäniň" medeni, sosial we dini düşünje bolup, hiç hili ylmy we lukmançylyk taýdan ähmiýetsiz bolup durýandygy bellenilýär. Gyzlyk perdäniň barlagy bilen zenanyň jynsy gatnaşykda bolup-bolmandygyny anyklap bolanok. Şeýle barlaglar we tejribe aýal-gyzlaryň hukuklarynyň depelenmegine getirip, olaryň fiziki we ruhy saglygyna zyýanly täsirini ýetirýär. "Gyzlyk perdaniň barlaglary" jynslar baradaky zyýanly düşünjeleriň has hem ornaşmagyna we jynslaryň deňsizligine eltýar. Barlaglar agyryly, kemsidiji bolup, zenanda ruhy şikes galdyrýar. Barlagyň zyýanynyň uly bolmagy sebäpli, etika taýdan lukmanlara we lukmançylyk işgärlerine şeýle barlaglary geçirmek nädogry bolup durýar. Şeýle barlaglar hiç haçan geçirilmeli däldir.

Bilim, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir