Salam dostlar! Men bu saýtda birwagtlar agzasydym. Indi türkmenistana geldim. Käwagtlar saýta internet kafelardan girip göz gezdirýän. Bu taýdaky ýazgylar meni ýaman gynandyrdy. 5-den 3 ýazgy diñe din hakda açylýar. Edýän gürrüñ diñe din hakda. Hiç bir zady teoriýa, bilim taýdan düshündirip bilmän dini taýdan düshündirjek bolýañyz. "sen ateist, sen hristýan" diýip bir-biregi kemsitmek. Käbirleriñiz dini köp bilýän diýip ýalñysh zatlaram ýazypsyñyz. Beýlekilerem ol ýalñyshy düzetmän gaýta üstüni doldurýalar. Siz näme metjitde ishan bolup ishlediñizmi? Siz talyplar, kelläñizde diñe ylym, bilim bolmalydyr. Din hakda bilýänleriñiz bilen hijem ýurdumyzy ösdürip bilmersiñiz. Men dinden dashlashyñ diýjek bolamok. Dine uýanlygyñyzam gowy zat. Meniñ aýtjak bolýanym, biz türkmen talyplary bolup bize peýda getiräjek ýazgylar açaly. Ylymda, durmush problemada birek-birege kömek edeli. Men okan ýurdumyñ forumlaryna aýlanyp görýän. Ol taýda agzalar täze bir teoriýalary orta atyp jedelleshýäler. Bizde bolsa diñe din hakda jedeller. Bagyslañ welin biziñ ýashlarymyzyñ düshünjesi pesiräk gelýär. Meselem size asman hakda aýt diýsem "asman hudaý tarapyn döredilen" diýerdiñiz. Asman atmosferadan, biosferadan... WE $M durýandygy bolsa kelläñizede gelmezdi. Men bu ýazgymyñ üsti bilen näme diýjegimi size düshündirip bilen bolsam azabymyñ ýerine barany bolar. Saglygyñyz dostlar!

Köneler, Birwagtkyagza tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir