IDEALLIDER-den gyzykly soraglara-jogaplar 8.
36) Şerlok Holms jenaýat edilen ýere gelip janyna kast edilen gyzyň telefonyny alyp iň soňky nomerlara jaň edip "Bu telefonyň eýesi öljek bolýar çaltjak geläýiňdä" diýip aýdýar. Şonda ol ölen gyzyň söýgilisi geleninde, Şerlok polisiýa "Bu oglan gyzy öldürdi, muny arkaýyn tussag edip bilersiňiz!!!" diýip oglany tutdurýar. Şerlok Holms nämçün beýle hereket edýär?
============================
37) Bir ýetim oglan bar eken. Ol hem mergen-awuçy eken. Bir gün awa gideninde öňünden bir keýik çykýar. Ýäňybir çenäp atjak bolanynda bir ýagşyzada derwüş çykyp "Keýigi atsaň ejeň öler, atmasaň kakaň" diýýär. Oglan bu ýagdaýdan baş alyp çykýar. Sorag! Nädip?
============================
38) Öňüňizde uzyn pürs agaç dikligine ýere gömülgi dur, oň ýokarsynda çytanakly sim bar. Agajyň ujunda bolsa alma bar. Siz ýer gazyp, dyrmyşyp bileňzok. Agajy ýykyp bileňzok. Size hiçhili kömek we hiçzat berilenok. Nädip almany almaly?
============================
39) Myrat öýleriňe geldi, saman-jaýa(saraýa) girdi. Saraýda 4 äpişge(penjire) bar. Her äpişgede 4 pişik bar. Her pişijegiň hem 4 çagasy bar. Sorag! Saman-jaýda näçe sany aýak bar?
============================
40) Gargalar ýagyş ýaganda haýsy şaha gonýarlar?
Toplan: IDEALLIDER.
IDEALLIDER-den gyzykly soraglara-jogaplar 8.
36) Sebäbi Şerlok hiçkime gyzyň ýatan ýerini aýtmady!
============================
37) Oglan öň hem ýetimdi. Soragyň başyndada ýazyk. Şol sebäpli keýigi atýar!
============================
38) Agajy depmeli, agaç titrär we alma gyra gyra süýşüp ýere gaçar! Ýada yraň-atdyrmaly!
============================
39) Samanjaýda 2 sany ýagny Myradyň aýaklary bar. Galanlary penjeli. Ýagny haýwanlaryň aýagyna has dogrysy, toýnak ýa-da penje diýilýär!
============================
40) Gargalar ýagyş ýaganynda öl=çyg=myžžyk=ýagşly şaha gonarlar. Sebäbi ýagyş hemme şahalary suwlar!
Toplan: IDEALLIDER.
@Hercai 1 jogap, @Resul 1 jogap, @Gray_wolf 2 jogap, @Korolewa 2 jogap, bildiňiz. Berekella, siz ýene öz ýitiligiňizi subut etmegi dowam edýäňiz!
IDEALLIDER-den gyzykly soraglara-jogaplar 8.
-
umitkhann
3 years ago
- bizar etdin
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- umtkhan! Şondada diňe siz üçin başgalaryň höwesini gaçyryp bolmaz! Ýene azyndan "Närazy" 5 agza tapylsa(yylgyn we yashalym hasapdäl) onda şeýle blogy=posty paýlaşmagymy bes-ederin!
-
Yylgyn
3 years ago
- Ideallider2 yzyny dowam etdiray gaty gyzykly soraglar tapyaň ustunlik saňa
❤️Guller
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Elbetde Hökman:)
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- @IDEALLIDER2 Eline saglyk yenede yetirip dur belki eyleki soraglay menem dogry jogaplaryn:)
Jogaby bilenler (@Hercai, @Resul, @Gray_wolf, @Korolewa) sizi hem gutlayan!! :)
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Men_ve_sen. Siz hem goldaw berýäniňize sagboluň:)
-
Wrestling
3 years ago
- @IDEALLIDER2 yene yetirip dur soraglary. Beyleki negatiw teswirlere uns berme. Indikileriňe menem gatnaşjak nesip bolsa!
-
Yylgyn
3 years ago
- sizem sag boluň he he
❤️Guller
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- IDEALLIDER2
Ok :)
-
sammy.kakabay
3 years ago
- namani pozypdyryn men
-
Xyivenia
3 years ago
- Ideallider men iki ayak bar diyip yazdyma okamadynyzmy
-
Korolewa
3 years ago
- Uns berman bashlara, yenede yetirip durun :)
-
Gray_wolf
3 years ago
- Yone logika boyunça foot (ayak) bolyar hemmesiniñkem, ol rus we tm dillerinde, lapa, penje, toynak, bela beter bolup gidyar😁
umitkhann 3 years ago- bizar etdin