Salam agzalar we myhmanlar. Men bu gezek oz gundeligime yazan zatlarymy sizin bilen paylashmakchy. Sonky dowurde turkmenchilikden soz achylyar weli, menem shu gun gundeligime seredip otyrkam bir gyza yazan hatyma gozum dushdi, ozem turkmenchilik barada we sizin bilen paylashayayyn diydim. (Ak yurekden chykan ahmyrlar diysenem boljak hata.) Yogsa ol yazgy dine menin gundeligimde taryh bolup galar. Menden bashga bilyanem yok shony. Bolyar onda, gepi kop uzatmany shol hat bilen sizi bash-basha goyyaryn we gundeligimde nahili yazylan bolsa, hich-hili goshmacha we duzedish goymany, sheyle-de yazyaryn: 20.04.05. 04:07. Salam Bahar. (Eger adyň bu bolsa. Sebäbi adyňy doly-takyk bilemok). Meniň kimdigimi bilmek hökman däl. Yöne men saňa kabir zatlary aytmakçy. Meniň aýtjak zatlarym diňe öz duýgy-düşünjäm. Gaty görme bu zatlary ýazýanym üçin. Eger gaty görjek bolsaň mundan soňrasyny okamak hökman däl. Haty ýyrtaý!!! Sana hicbir zyyanym bolmaz. Eger sana zyyan yetirjek bolsam(-bagyshla-), bashga zatlar senden islardim. Belki peydam deger diyip bu haty yazyaryn. Yone bu zatlar aramyzda galsyn!!! Hichkim bilmesin! Sebabi men sheyle utanjan adam. Yone kalbymdan gechen zatlary garshymdaka aydyp bilmesem-de, bu zatlary bir yere -gundeligime- yazyaryn. Menin bu haty yazmakdan maksadym shu: Bahar! Adamlaryn, ynsanlaryn hichbiri biri-birine menzemeyar. Kabir ynsanlaryn nahilidigini goreninde, ya-da olar blen gurlesheninde bilsen bolyar. Yone kabirlerini uzakdan gorsen-de olar hakdaky pikirlerin duypgoter tapawutly bolyar. Olar hakynda erbet pikir edip bilenok. Yuzlerinde mylayymlyk, mahir-muhabbet bolyar. Sen hem sholar yaly mylayym. -Mana sheyle. Bashgalary nahili garayar, ony bilemok.- Senin adamkarchiligin, ozuni alyp barshyn, towregindakiler bilen gurleshishin oran onat. Salyhatly, mylayym, asylly turkmen mashgalasy sen. Ozunem oran ajayyp, owadan gyz. Yone... Yone name uchindir, menin gynanyan, we bilmek isleyan zadym bashgalaryna menzejek bolyanyz?!. Esasan-da egin-eshik meselesinde... Ozunizin turkmen ayal-gyzlarydygynyzy unutman! "Sana name menin beyle bolmagymdan?!", diyip aydyp bilersin. Men hem turkmen bolanym uchin bu zatlary yazyaryn. Seni oz gyz jigim(eger menden kichi bolsan), ya-da gyz doganym yaly goryarin. Indiki yazjak zatlarym uchin hem meni bagyshla, sana gaty degip biler. Eger men sana yamanlyk etjek bolsam, sana bu zatlary yazmazdym. Her bir erkekde ayal-mashgala garshy belli bir derejede howes, isleg we arzuw bardyr. Huday saklasyn, Alladan gorkmayan adam, erkek kishi bir gozel mashgalan durmushyny yykyp-yumrup biler. Hudaytagaladan gorkyan, ar-namysly yigitlerbeyle ishe bash goshmaz. Bulary name uchin yazyanymyn sebabi, eger men senin uchin yamanlyk isleyan bolsam onkinden-de beter bol diyerdim. Sen hakda hichbir yamanlygymyn yokdygyny subut etmek uchin yazdym bulary. Oz aslynyzy bilin! Turkmendiginizi unutman. "Turkmen" sozi namani anladyar?!. "Turk" we "iman" diyen sozlerden emele gelendir "turkmen" sozi. "Turk" name diymek. Esasan hem "iman" name diymek?!. Her milletin at-abrayy, derejesi oz medeniyetine, dap-dessuryna baglydyr. Bu zatlar dunya yuzunde sheyledir. Medeniyetini, dap-dessuryny yitiren millet, yoluny yitiren yolagcha menzeyandir. Ozumin "turkmendigime" her wagt guwanyan, buysanyan. Kawagtlar bolsa ozumin "turkmen" mashgalasyndan bolanym uchin Allatagala yuzde mun shukur edyarin, bashym gok direyar. Yone kabir turkmen oglanlara we ayal-gyzlara sheyle gaharym gelyar, weli, name etjegimi bilemok. Kabir gyzlary goryan weli "dashy jajek ichi mojek" diyleni-da. Dine ady turkmendir galan zady namedigi belli dal. Dini, dili, edim-gylymy, geyinishi, oturup-turushy hich hili turkmene menzemeyar. Hat-da kabirleri ayal-mashgala-da menzeyan daldir, erkek yalydyr. Bu zatlar esasan hem shaher yerde bolyar. Yarym-yalanach turkmen gyzlaryny gorup ozum utanyaryn. Kawagtlar ichimden sholara sheyle diyesim gelyar: "Bagyshlan, siz turkmenmi?!" Kabirlerine-ha turkmendir hem diyenok. Turkmenlerde ayal-gyzlaryn sarpasy, orny oran uludyr. Bahar menin gysgacha diyjek bolyanym, oz turkmenligine, dap-dessuryna, dinine-imanyna, sen, ayal-mashgala hokmunde eye chyk!!! Bu zatlary yazanym uchin gaty gorme, eger gaty goraysen-de meni bagyshla! Bu hat dine ikimizin aramyzda galsyn. Bu haty okanson, ozunde birazajyk hem bolsa jogapkarchiligi duyarsyn diyip umyt edyarin!!! Onsonam men seni tanamda yok. Kellane her hili pikirler gelip biler. Hatda adyn namedigini-de bilemok. Yone Bahar'myka diyyarin. Bu haty okandan son bolsa meni unut, emma "turkmendigini unutma"!!!, senden hayyshtym shu. Uns berip we gymmatly wagtyny ayryp okanyn uchin sag bol!!! Owadan bolupdyr gelin-gyzlarmyz, Menem shol pikire doly goshulyan. Yone, ballym, kate kabirlerinden, Ejap edip, indi... ozum yashynyan. (Say. e.-1. B-n. H-n)

Köneler, hoshowaz tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir