dertdeshler nahili yagdaylar. ony etjek muny yazjak diyip yone anry chekip otyryn oydyan. yone hergun ish-guch bilen yetiship bolanok. kabir zatlary yazmak uchin, kabir ya-da birtopar maglumat yygnamaly bolyar. sebabi yazyan biri emma okayan ep-esli. shonun uchin yazylyan zatlardan herkim herhili pikir alyar. sawlik ya-da bilmani yalnysh zat yazsan, shol yazanyn bilen okayanlar amal etmegi mumkin. bu yazyanlarym "wahhabizm" we "kella gelen pikir" diyen yazgylarym uchin. sebabi sholar gutarylmany bashga zatlary yazyaryn. shonun uchin bagyshlarsynyzda!!! yone men bugun sizin uchin bashga bir tasin mowzuk barada yazjak. bu yazjagym uchin maglumat yygnamak gerek dal. bu yazjagym oten agshamky goren duyshum barada. yaman gyzykly duysh weli shonun uchin yazyaryn. duyshumde bir oguljugym bar. yone name uchindir shony enesinden gowy goryarin. hatda duyshumde enesinem goremok. "atalyk duygusy" diyen duygy one chykyar. ata bolmasamam shol duygyna duyshumde dadyp gordum. kabir oglanlar "chagan bolanson enesinden chagany gowy goryan" diyip aydyarlar. hakykatdanam sheyle ekeni bu mesele, in bolmanda duyshda sheyle ekeni. shular yaly tasin duyshleri goryan kate-kate. hakyky durmshda bolmaly zat weli yone shony duyshumde gorayyarin. meselem: kawagt duyshumde oylenyarin. oylenmek diyen duygynyn tasinligini duyyaryn.(oglanlar! ters zat pikir edayman!) birhili yaman begenyan, guwanyan, buysanyan. ya bolmasa duyshumde uchyaryn, edil gushlar yaly. yokary galdygyncha yuregin galkynyar. bu zatlary dushundirip bolanok. sebabi soz yetenok. yagny kabir duygulary terjime etmage soz yetenok. ony dine yashan biler. hany, turkmenler diyyara "eshekden yykylanyn yagdayyna eshekden yykylan dushuner" diyip. turklerem sheylerak diyaler oydyan "damdan dushenin halinden damdan dushen anlar" gysgacha sholar yaly duyshleri kate-kate hudaytagala gorkezyar oza. "atalyk duygusy", "oylenmek duygusy", "uchmak duygusy". yone-mone duygy dal bular. duyshde sheyle begendiryan bolsa asyl hakyky durmushda nahilika bu. belki tejribesi bolanlar dushundirer?! esasanam "atalyk duygusy" barada... yone ondan owunchak oylenmeli diysenizle... yone shu chagaly bolmak baradaky duyshum mana orran tasin tasir etdi. yashaysha bolan hyjuwymy artdyrdy. uns berip okanynyz uchin sag bolun. hormatlamak bilen (ashajygyna seret)

Köneler, hoshowaz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir