gaz mugt bolanlygy üçin halkymyz gazy tygşytsyz ulanýar. käbir maşgalalar kükürt satyn alamga ýaltanyp, ýa da pulyny gysganyp gazy açyk goýýarlar. bu zaýaçylygyň öňüni almaga çalyşmaly. Türkmenistandaky bir maşgalanyň 1 aýda ulanýan gazyny turkiýaň gaz nyrhyndan hasaplasaň 1000 dollardan geçjegine gözüm ýetýä. Turkiýada diňe gerekli ýerinde tygşytly edip ulanylanda da 100 - 200 dollar aýlyk pul töleýärler. şu wagt pikir etýän welin belki de sssr döwründe kükürdiň bahasynyň hernä 1 köpük bolmagynyň sebäbi şol bolaýmasa! halky gazy tygşytly ulanmaga gönükdürmek üçin edilip bilinjek zatlar. ilki bilen gazy ýakar ýaly bir zat ulandyrmaly. 1. gaz otlaýyjylar getirip satmak. şularyň batareý bilen işleýänleri türkmenistanda satylýar(made in china) ýöne berk däl, çalt döwülýär, batareýi çökäýse, kükürt almaýan adam batareý hiç haçanam alamaýa. Şonuň üçin batareýsiz otlaýanlaryny eltmeli. birem tokly işleýäni bar, sssr döwründe de bardy şolar, şolaram gowy. 2. otlaýyjyly gaz plita. aslynda iň gowysy şular, gazy açyp düwmejige basaýmaly, şular ýaly plitalary el ýeter bahadan satmaly. 3. kombi ulanmak. iň köpem gyşda ýylanmak üçin we suwa düşmek üçin gaz köp zaýalanýa. şonuň üçin kombi ulanylyşyny köpeltmeli. şäher ýerlerinde köp ulanylýar ýöne oba ýerlerinde ýok. 4. gazy pully etmeli! siz näme pikir etýäňiz!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir