Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Okuwlar, işler bn armaň-da :) Degişmäni bir tarapa goýup, asyl mowzuga gelsem: Türkiýäň kalendaryna görä, bu günüň (26 Sep) gijesi Gadyr gijesi bolmaly! Aslynda, Gadyr gijesini bir gijä sygdyryp goýbermeli-hä däl welin, ýöne ýene-de şu gün degişli gün bilinensoň, men hemmäňizi mübärek Gadyr gijesi bn tüýs ýürekden gutlaýaryn! Birje gije, ýöne 83 ýyldan has bereketli, haýyrly bir gijeligi beýan edilýär aýat arkaly. Garaz, Alahdan birje gije-de bir ömür boýy gazanylyp biljek sogap mümkinçiligi bize! Ertir/şugün gündiz ymyklyja dynç alynyp, gijeden has oňat peýdalanylsa amatly şoň üçinem! Hawa, mümkin bolsa Gadyr gijesinde bize-de atma-at aýratyn dileg etmegiňizi haýyş edýärin, hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Şu gijä degişli aýratyn dileglerden biri bolsa, hadys arkaly beýan edilipdir, ynha: Hz. Aýşa (radyýallahu anha) Pygamberimizden:"Eý, Allahyň Resuly, eger Gadyr gijesine gabat gelsem, nähili dileg edeýin?" diýip soraýar. Pygamberimiz:"Allahümme inneke afuwwun, tuhibbu'l-afwe fa'fu anni. (Allahym! Sen bagyşlaýyjysyň, bagyşlamagy söýersiň, meni hem bagyşla!)" Aýratyn Gadyr süresini hem goýaýyn bärä: Kuranyň 97-nji süresi bolan Gadyr süresi Mekkede inýär. 5 aýatdan ybaratdyr. Gadyr gijesi barada maglumat berýänligi üçin, Gadyr süresi adyny alýar. Gadyr sözi many taýdan azamat, beýiklik we ygtybarlylyk diýmekdir. 1- Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde indirdik. 2- Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň? 3- Gadyr gijesi, müň aýdan has hayyrlydyr. 4- Ol gijede Rebleriniň rugsady bilen melekler we Ruh (Jebraýyl perişde) her iş üçin ýerýüzüne inerler. 5- Ol gije esenlik, bereket doludyr we tä şapak sökýänçä-de dowam eder. (Gadyr, 97 / l-5) Şu gije etjek tobadyr dilegleriňizi, etjek ybadatlaryňyzy, okajak Kuranlaryňyzy/süreleriňizi, haýyr-sahabatlaryňyzy we ş.m. Biribar esseleri bn kabul etsin! Dilegleriňizde ýatlanmak dilegi hem-de: "Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir