käbir alymlar ýer towalagymyzyň, milýardlarça ýyl mundan ozal bir uly partlama arkaly emele gelenligine ynanýarlar. We ýewropanyň ýadro öwrenme guramasy cern dünýäniň iň uly fizika öwrenme labaratoýisay bolan, şwessariýa we fransiýa serhedinde ýerleşýan labaratoriýasynda uly partlama barlagyny gaýtadan geçirmäge taýýarlanýar. Ýeriň ortaça 100 metr aşagynda ýerleşýän labaratoriýanyň perimetri 27 kilometr! Barlag, ultra tyz protonlaryň çaknyşygy arkaly geçiriler. barlagyň dowamlylygy 10 ýyl. barlagyň maksatlary! Dünýäniň emele gelşine öwrenmek, atomyň, malekulalaryň we jandarlaryň nähili emele gelenligini öwrenmek maksatlanýar. Kosmosyň 27% emele getirýän "garaňky madda"-yň nähili emele gelenligini öwrenmek hem maksatlanýar. barlagyň netijelerine göra şu wagtky ylym kanunlarynyň köpüsiniň üýtgediljegine ynanylýar! Emme käbir alymlar bu partlamanyň gara deşik(black hole) emele getirjegini we dünýäni içine çekjegini aýtýarlar. Barlagy geçirjek alymlar bolsa, çaknyşygyň soňunda gara deşikleriň emele geljekligini we gaty kiçi bolanlygy üçin, ýeterlik energiýasynyň bolmanlygy üçin ýok bolup gitjekdiklerini aýtýarlar! Eksperiment aýyň 10-nda, ýagny şu gün geçiriler!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir