meniň e-mailime täsin hatlar gelýär. o hatlary hem meň başga tanyşlaryma ugratmagym islenýär. mysal üçin: 1. ....... şu maili 7 adama ugratsaň ertir irden turnyňda durmuşuňda gowy üýtgemeler bolar. 2. hotmail indi pully boljakmyşyn, eger şu maili plança adama ugratsaň onda saňa mugt bolar. 3. bu haty ýazmagyma sebäp bolany. bir dostum maňa we ýenede bir näçe adama mail ugradypdyr, mailde dostlyk barada ýazylypdyr, we mailiň soňunda "bu haty ýakyn dostlaryňyza goýberiň, eger ol hem yzyna size goýberse onda ol çyn dostdyr! " diýip ýazylan. Menem ol haty hiç ýere goýbermedim.... soň bir gün dostym messengerde gabat geldi, we menden şol maili alyp almanlygymy sorady, menem aldym diýdim, "onda näme üçin yzyna goýbermediň" diýip gaty görensirän bolup otyr. meniň düşünmeýän zadym, şol mailleri kim näme sebäpli goýberýär, näme peýda görýärler. ýa ol maillerde virus ýaly zatlaram barmyka!!!

Köneler, CeriumOxide tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir