Oglanlarda yaly ary,
Bu gyzlary aytma sen!
Piñine dal asyk zary,
Bu gyzlary aytma sen!

Ne gunlere salajakdyr,
Gozun-basyn aylajakdyr,
Yigit gowsun saylajakdyr,
Bu gyzlary aytma sen!

Duymajagam duydurarlar,
Diymejegem diydirerler,
Soymejegem soydurerler,
Bu gyzlary aytma sen!

Ahwalyny soramazlar,
Yanyanyna garamazlar,
Donsa ansat eremezler,
Bu gyzlary aytma sen!

Gownese merdana-mertdir,
Gownemese jana dertdir,
Islegi hayys dal-sertdir,
Bu gyzlary aytma sen!

Weyran edip konul kosgun,
Cekdirerler soygin kesbin,
Denare zat yokdyr kesbin,
Bu gyzlary aytma sen!

Mejnuny colde gezdiren,
Görogla nama yazdyran,
Perhada daglar gazdyran,
Bu gyzlary aytma sen!

Garyba nala cekdiren,
Hemrany yola bakdyran,
Tahyry suwda akdyran,
Bu gyzlary aytma sen!

Ezelde elmysak bolan,
Dowamatyn heñin calan,
Senalyny oda salan,
Bu gyzlary aytma sen!

Edebiýat, Xyivenia tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir