Salam hormatly agzalar we gadyrly myhanlar! Mowzuga bir nakyl bn başlamak isleýärin: "Agzybire Taňrybir, agzalany gaňrybir!" Görşüňiz ýaly, nakylda agzybir bolunanda, Allahyň hem ýardamynyň, razylygynyň boljagy we haýyr netijäniň beriljegi, agzalalyk bolanda welin, ýeňlişe sezewar bolup bilinjegi beýan edilýär! Ýaňy goňşy bir mowzukda dörän az mukdardaky agzalalygy görüp, bu mowzugy gaýtadan açmagy ýüregime düwdüm. Enşallah, başda özüme, soňam islän, okan hemme agzadyr myhmanlara azda-kände peýdasy deger diýip umyt we dileg edýärin. Agzybir we bitewi bolmak barada beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy: "Türkmenler baglasa, bir ýere bili, Gurudar Gulzumy,derýaýy Nili. Teke, Ýomut, Gökleň, Ýazyr, Alyly, Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz." - diyipdir. Uyshup Nil deryasyny guratmasagam, ensallah, birlikde Turkmenistan Watanymyz ucin, shol bir sanda, bir-birimiz ucin peydaly zatlar ederis diyip umyt edyarin! Bu babatda bir-birimizin, bar bolsa, ayiplaryny ortmek, kemciliklerini duzeltmek, basharnyklygyna begenip owmek we owunmek, cykgynsyz yagdayda galan bolsa komek bermek, islese maslahat bermek ya-da almak, bir-birlerini oz yerlerinde gezdirmek, sapak we sh.m. zatlarda birek-birege goltgy bermek yaly zatlar etse bolar. Yagny, bir beden mysaly yaly. Bir gozumiz beyleki gozumize nahili dushmanlyk etmese, biz hem agzalarymyza sheyle bolarys, bedenin haysy organy agyrsa, hemme organlara tasirinin duyulyshy yaly, biz hem gerekli wagtynda birinin kyn yagdayini duysak. Gozun nygmaty gorushi, dilin tagamyny bilishi, gulagyn shapyrdysyny eshidishi, agzyn nygmaty iymegi ucin elin herekete gecishi we dishlerimizin uweyshi, bokurdagyn icegelerin komegi bn garna iberishi, yolda shol nygmatlaryn gana owrulip, durli organlara gitmegini yuregimizin gonukdirishi,..., yaly biz hem bir bedeniň funksiyalaryny(işini) yerine yetireris diyen umyt bar mende.

Köneler, ata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir