Kimdir birleri çagalaryny taşlaýa, kimdir birileriň bolsa çagasy bolanok :( Meň bir tanş joramyňam eýýäm toý edenine 2 ýyl boldy çagasy bolanok. Gyz wagty biraz ženskiý ugurdan problemalary bardy ýöne dogtora barlansalar adamsynyňam özüniňem hemme zady ýerinde. Başda olar çagasyzam bagytly ýalydylar, ýöne bir öýüň iň uly gelini gaýynlaram ýaşulyrajyk agtyk göresi gelýä gelin bolsa gysylyp başladylar. Ol özüni günäkärleýä. Beýle özüňi erbet pes hasap edýänsiň öýdemokdym ýöne haçanda çagaň bolmasa hemme ýerde boýnuň buruk, özüňi hiç zat başarmaýan, günäkär hasaplaýan ekeniň. Näme etmeli?!!! 1. Başga birine öýlenmeli ýa-da durmuşa çykmaly. (köpler şeýdýä şonuň üçin ýazdym özümä goldamok) 2. Çagalar öýünden çaga almaly 3. Başga birine haýyş etmeli (medisinskiý ugur bilen uskustwennyý biriniň garnyna çaga salmaly (garaz düşünensiňizä nähili diýjegimi bilemok)) Ýöne eger problema adamsynda bolsa onda gelinini şol ýol bilen çagasy bolar ýaly etmelimi? Allajan hiç kime görkezmesin şu ýagdaýdan her kim nähili çykalga tapardyka??? Mysal üçin eger meň çagam bolup bilmeýän bolsam onda reşeniýany men çözmän adamym çözmeli bolar hemem men her näçe islemesemem ol başga birine öýlenjek diýse garşy bolmazdym gaýtam belki özüm oňa şony teklip ederdim. Ýöne ilki bilen iskustwennyý ýol bilen çagaly bolmagy teklip ederdim. Çagalar öýünden çaga almak erbet däl weli her näme-de bolsa özüňden çaga bolmagyny isläýjek ýaly. Ýöne jenaplar eger problema sizde bolsa onda näme ederdiňiz?! Aýalyňyzyň iskustwenniý ýol bilen çaga etmegine rugsat ederdiňizmi kimdir birinden?! Ýa-da siz üçin bu birhilimi? Eger meň adamymda problema bolan bolsa belki çagalar öýünden alardyk weli ýöne meňem özümden çaga bolmagyny belki islärdim. Aý bu birhilegem weli menä bilemok kelläm çaşdy öýdýän. Bolýada siziň pikirleriňiz!!!

Köneler, Harmandali tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir