A=Ateist M=Musluman
M: Sen näme Allaha ynanaňokmy?
A: Gurhan we hadyslary okadym, biri-birine ters, çatak düşýän ýerleri köp. Bu bir ýaradanyň kitaby bolup bilmez.
M: Onda bu älemi kim ýaratdy?
A: Älemiň ýaradylandygy barada ýekeje-de subut ýokdur. Ýöne ylmy teoriýalar bar. Bilim muňa düşünmek we düşündirmek üçin delil ýygnaýar, bilim mydama gözlegde.
M: Bu ajaýyp sazlaşyk tötänden döredi diýýäňmi?
A: Bu sazlaşytk ajaýyp däl. Yzgiderli ýyldyzlar sönýär, garadeşikler planetalary we ýyldyzlary ýuwudýar, asteroidler planetalary oka tutýar, 65 milýon ýyl mundane ozal dinozawrlar bir asteroid sebäpli ýer ýüzünden ýok bolup gitdiler. Tötänden ýaşap ýörüs, haçan bu ýerde ýaşaýyşyň gutarjagyny bilip bilemzok.
M: Ýeri sen adamyň organizimini göreňokmy? Seň ewolýusiýaňa görä belki-de gözümiz kellämizde däl-de belkem g*tümizde bolardy.
A: Ewolýusiýa barada haýsy kitaplary okadyň, bu barada name bilýäň?
M: ...................................
A: Mendeli okadyňmy? Genetika ýa-da biologiýa barada näme bilýäň?
M: ...................................
A: Bilmeýän mowzugyň barada piker ýöretme!
M: Ewolýusiýa görä gözümiz ýeňsede bolardy ýa-da köp ulanylany üçin jynsy organymyzam 70 metre barardy )))
A: Ýok bolmazdy. Genetika bilimine az-owlak düşünýän bolsadyň bu zatlary diýmezdiň. Mysal üçin, genetikler ABŞ-da geçilere möýüň genini ornaşdyrdylar we bu geçilerden möý kerebi aldylar. Ençeme keseliň çäresini genetika bilimi saýasynda tapýarys. Ewolýusiýa sebäpli her ýyl milliardlap dollar derman gözleglerine we senagatyna sarp edilýär. Sebäbi wiruslar yzgiderli dermanlara garşy immunitet edinýär we täze dermanlaryň tapylmagy zerur bolýar. Yzgiderli bu ulgam işläp durmasa belki-de adamzat tohumy ýok bolup gidip biler.
M: Ýeri gurhandaky iki deňiziň biri-birine garyşmaýşyna name diýýäň?
A: Onýaly deňiz ýok, sebäbi iki suw, hatda süýji we duzly suwam biri birine garyşman durup bilmez. Temperaturalaryna we dykyzlyklaryna görä garyşma wagty tapawutlanyp biler, ýöne garyşarlar.
M: Görüp bilmeýäniň üçin Allah ýok diýýäň, name aklyňy görüp bilýäňmi?
A: Akyl beýnidäki elektro-himiki reaksiýadyr. Muny beýni skan edýän enjamlar bilen görkezip bilerler we aklyň barlygyny-ýoklugyny ýönekeý matematika soragy bilen hem bilip bilersiň. Ýagny 2+2=4 diýýän birinde minimum şertlere-de gabat gelýän akyl bardyr we muny bize subut etdigi bolar.
M: Ýeri “birden bar bolaýsa?!” diýibem gorkäňokmy?
A: “Birden bar bolaýsa?!” diýmegem ýoklugyny boýnuňa almakdyr. Bir-de, subutsyz orta atylan zatlaryň ýokdugyny subut etmek delil hökman däl. Bu sebäpden “birden bar bolaýsa?!” diýen badyňa “haýsy taňry bar bolaýsa?” diýip soraryn senden. Dünýäde dürli halklaryň ynanýan 4000 töwerek taňrysy bar. Bular “taňry” pikiriniň adamzadyň jahyllygyndan we gorkylaryndan dörändigini subut edýär. Saňa-da iň gysga wagtda gurhany we hadyslary okamagy we soraglamagy maslahat berýärin. Iň bolmanda bu samsyk gorkylaryňdan gutularsyň.

Sorag-jogap, Panturkist tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir