Seljukly we Osmanly döwletiniň taryhy baradaky köp seriýaly türk filmi köpleriň söýgüsini gazandy. Telewideniýede berilip ýören wagty kän gyzygmandyryn. Ýöne şu günler şol filmi görüp başladym. Gyzykly edip çykarypdyrlar, taryh bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna bilemok. Ýöne döwrümize gabat getirjek bolandyrlarda, Ertogrulyň esasy maslahatçysy aýaly bilen ejesi edipdirler. Kän türkmende gabat gelinmän, käbir klassyklammyzda aýalynyň maslahaty ýazgarylýaram. Aýal haklary diýip garşy çykmasynlar diýip döwrümize gabatlap sazlaýandyrlarda.
Biziň telewideniýämizem terjime edip görkezse gow-a bolardy. Öz taryhymyz hakynda eken. Çawdarlar diýýän taýpasy biziň Çowdurlammyz öýdýän.

Bu seriýal hakynda kimiň näme aýtjak goýjagy bar bolsa paýlaşyp biler.

Edebiýat, messibet tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir