Talyplar.com 😳😲

Eňňere edäýipdirler bärsini. Hemişede şu ýeri käbir saýtlaň razborka çözýän ýeri bolup hyzmat edýädi. Ertir.com döwrem şeýledi. Iki gün şotaýy ýapylsa bärik çozup, aňyrda agzyny hapalamaýanlar bar awusyny bärik döküp giderdiler. Taryh gaýtalanyp dur.

Gaýrat edip diliňize eýe çykaweriň, eşitmedik hapa sözler bilen okajylaň aňyny zaýa...

Dowamy »

940 6
Täzelikler, 3 years ago


Dostluk.ru

Bärik kän girip bilemokdym welin bu gün girsem bärsem üýtgäp giden eken. Saýt üýtgemändir, agzalar köpelipdir, okalan, açylan temalar köp eken.

Soňky temalaň köpüsi dostluk.ru saýty hakda eken. Dogrusy men ertir.com bilen talyplar.com saýtyndan başga ýerde aktiw bolup bilmedim. Käbirinde agzalyk açanam bolmagym ahmal, ýöne bilemok w...

Dowamy »

936 6
Sorag-jogap, 3 years ago


Açarsözüňizi täzeläň! Üýtgeder ýaly edilen eken 😊

Açan temamyzdan soň açarsözi täzelär ýaly eden ekenler. Indi lakamyňyzyň kodyny kim ilki täzelese @PerhatSabirowam bilip bilmez 👍
Açarsözüňizi täzeläň 👍

Dowamy »

979 7
Täzelikler, 3 years ago


Haýsy nik-i näçe kişi ulanýar?

Bizem biler ýaly haýsy nik-i näçe kişi ulanýa? Gelşiksiz bolan eken beýle etmek. Bir nikden bir kişi girse gowy bolar. Bir adama söwüp ýörse bir kişi kimdigini nädip biljek! Kim edenem bolsa oňarmandyr. Aslynda bärde parol üýtgedip bolmaýan eken. Şony düzetseler beýle ýagdaý bolmazlygam ahmal.

Dowamy »

1036 15
Täzelikler, 3 years ago


Maradona dünýeden gaýtdy (1960-2020)

Dünýä sporty bu gün gynançly habar bilen agşama ýetdi. Sport äleminiň rowaýaty futbolçysy, dünýäde ilkinji ýerlerde hasap edilýän futbolçy, Argentinaly Diego Armando Maradona sport älemini gynanja bogdy. Maradonanyň ýogalmagy bilen ýyldyz futbolçylar, futbol klublary, syýasatçylar internet sahypalaryndan öz gynançlaryny bildirdiler. Argentinanyň pr...

Dowamy »

1041 3
Sport, 3 years ago


@wagt agza, soraglam bardy, jogaplasaňyz!

Taryh bilen bagly ýazgylar paýlaşýaňyz, ýa-da teswirler ýazýaňyz welin şol ugruňyz boýunça boşaşsam berjek soraglam bardy, razy bolsaňyz. Realda sizi tanamzok, mümkin belli ýazyjy, taryhçy bolmagyňyzam ahmal. Razy bolsaňyz boşan wagtym şu ýere aýlanyp soraglammy ýazyp duraryn. Berjek soraglaryma-da näçe gysgaça jogap berseňiz gowy boljak, dilden aý...

Dowamy »

1417 18
Täzelikler, 3 years ago


Dünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Covid-19 Türkmenistanda ýok diýdi.

Şu gün netijäni aýtmaly diýip aşakda tema açanlaram bar eken. Garaşylşy ýaly bu gün ýygnak edip netijäni belli etdiler. 60 müň test geçirip ýekeje-de koronawirus keseline gabat gelmändirler. Ýöne pnewmaniýadan howatyr edýändiklerini aýdypdyrlar. Covid-19 üçinem berk gorag işiniň düzgünlerini ýerine ýetirmegi tabşyrypdyrlar. Belki, hakykatdanam şol...

Dowamy »

1565 5
Täzelikler, 3 years ago


"Ýaňlan Diýarym"-da Nury Kasoý neressä Annagül Gurdowa näçe ball berdi?

Ýyly ýadyma düşenok, Nurmuhammet Meredow Ýaňlan Diýarymyň ýeňijisi bolupdy. Şonda Gülşirin Alyjanowa 10 ball, Akyş Saparow 10 ball, Jemal Saparowa 9 ball, Şamämmet Bäşimow 10 ball... Ýene birileri 8, başgalar 9 ball-dan ses berdiler. Şonda eminleň ýene biri Annagül Gurdowa ýokardakylaň ballarynyň arasynda Kasoý neressä näçe ball berendir öýdýäňiz?

Dowamy »

1851 16
Sorag-jogap, 3 years ago


"Direliş: Ertogrul" filmi barada.

Seljukly we Osmanly döwletiniň taryhy baradaky köp seriýaly türk filmi köpleriň söýgüsini gazandy. Telewideniýede berilip ýören wagty kän gyzygmandyryn. Ýöne şu günler şol filmi görüp başladym. Gyzykly edip çykarypdyrlar, taryh bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna bilemok. Ýöne döwrümize gabat getirjek bolandyrlarda, Ertogrulyň esasy maslahatçysy...

Dowamy »

1366 20
Edebiýat, 3 years ago


Iňlis gazedi koronawirus 2013-de çykdy diýýä.

Bu wagt Willereal bilen Barselonaň oýnuna seredip otyryn. 1-nji taým gutaransoň habarlara seredeýin diýdim welin iňlisleň Sunday Times gazedi Hytaýyň bir magdandan 2013-nji ýylda bu keseliň tapylandygyny we ony barlamak üçin dünýäň iň güýçli laboratoriýa merkezi bolan Wuhana ugradandygy, ony hem gizläp saklandyklaryny aýdýar. Magdana giren 6 adamda...

Dowamy »

1305 3
Täzelikler, 3 years ago


Admin ýekeje haýyş!

@shahyr arasynda aýlanyp gidýän bolsaň, şu ýazgynam okasaň, edibem bolýan bolsa iň soňky jogaplanan temalary goşup bolarmyka? Käbir ýagdaýlarda köne ýazgylar bu ýyllardaky wakalar bilenem gabat geläýýä. Biri arhiwi jogaplasa-da hiç kim görüp bilenok. Diňeje şony goşup bolmazmyka? Köne wersiýasynda sag gapdaldan "soňky jogaplananlar" aşaklygyna seti...

Dowamy »

1242 19
Täzelikler, 3 years ago


Idman, Warzish we Footbal HD kanallaň biss kody

@Yzganttm agza bilýän tw-leriňiziň biss kody bar bolsa paýlaşaýyň diýen eken. Menem 3 sany belli kanallaň biss kodlarynyň suratyny paýlaşýän. Üýtgäbem dur welin, edil üýtgäýen däldir-dä.

Dowamy »

1206 5
Sport, 3 years ago


Koronawirus barada sorag?

Şu wagt dünýäde şol wirus sebäpli ölenleň sany 15 müňden geçen eken. Daşary ýurtdakylar şolary jaýlaýamyka ýa-da ýakýamykalar? Ýakýamyşlar diýip gürrüň edýäler welin çynmyka? Jaýlasaň ýene toprakdan geçme mümkinçiligi döräýýämikä?

Dowamy »

1827 6
Sorag-jogap, 4 years ago


Maslahat...

Çagany sport bilen gyzyklandyrmak we durmuşdada gerek bolar diýen maksat bilen haýsy sport ugruna ýerleşdirseň gowy bolarka?

Karate, sambo, dzýudo, taekwando, aikido, gimnastika, futbol, suwda ýüzme, wolleýbol...

Dowamy »

2234 7
Sport, 4 years ago


Antone Grizzman BARCELONADA

Ahyry soňy Barselona kluby Antone Grizzman üçin 120 million ýewro bonserwis tölegini töländigini duýurdy.

Indi fransuz ýyldyzy Grizzmanyň boş galma tölegi 800 million ýewro boldy.

Bizem fransuz ýyldyza Barselona klubynda Çempionlar Ligasynyň kubogyny galdyryp, her ýyl Ispaniýaň çempiony bolup, Karol kubogyny almagy do...

Dowamy »

2156 2
Sport, 4 years ago


Karol 32 ýaşady

Dünýä futbolynyň ýaşap ýören we owadan gollary bilen häzirem bize gyzykly oyunlar görkezip ýören rowaýaty we gaýtalanmajak argentin futbolçysy Lionel Messi bu gün 24-nji iýunda 32 ýaşady.

Karol futbolçyny doglan güni bilen gutlaýas.

Dowamy »

2237 3
Sport, 4 years ago


Futboldan gysgajyk...

⚽Galatasaraý futbol kluby öten agşam Başakşehri 2-1 hasaby bilen ýeňip çempionatyň tamamlanmagyna bir oýun barka Türkiýäň 22-nji gezek çempiony boldy.

⚽Bu möwsüm Ýewropaň klublarynyň arasyndaky altyn butsy ýaryşynyň iki sany predendenti bar. Olar Lionel Messi 36 pökgi bilen we Mbäppe 32 pökgi bilen. Mbäppäň ýene bir oýny bar. Eger i...

Dowamy »

2047 0
Sport, 4 years ago


Gysgajyk futbol habarlary

⚽Ýuwentus Allegri bilen ýoluny aýyrdy.

⚽Barselona Kautiniony satjak bolýar welin hiçbir klubdan teklip gelenok.

⚽Portugaliýaly ýyldyz Ronaldo şu remezan aýynda Palestina 1,5 million dollar kömek geçirdi.

⚽Lionel Messä Kataluniýäň iň abraýly nyşanyny gowşurdylar.

⚽Şenbe güni EFCup final...

Dowamy »

2043 0
Sport, 4 years ago


WARZIŞ tw kanalynyň biss kody

Dünýä futbolynyň saýlama ligalarynyň saýlama oýunlaryny bize mugtjak görkezip ýören, futbol görýänlere eşretiň öýjügi bolan bu kanalam aralarda biss kody bilen kodlanyp biz tomaşaçylara kodirowan kanal diýip garalyp galdy.

Men size şol garalyp galan ekrany ýaşyl meýdança öwürjek kody dykgatyňyza ýetireýin diýdim. Ynha şol kod:

Dowamy »

2472 23
Sport, 4 years ago


Barselona 26-njy gezek Ispaniýaň çempiony boldy.

Barselona bu gije Ispaniýaň La Ligasynda öz öýünde, Nou Kampda Lewantany kabul etdi. Eger bu oýunda ýeňiş gazansa Ispaniýaň çempiony bolmalydy. Şonuň üçin bu oýun esasy duşuşyklaň biri. Şonuň ýalyda 1-nji maýda boljak Çempionlar Ligasynyň ýarym final oýnundan öň Ispaniýadaky çempionatyň "meselesini" çozseler özlerine ýeňil boljak. Nou Kampda çempio...

Dowamy »

2412 46
Sport, 4 years ago


Bu gün Barsa Mançester we Ýuwentus Aýaks

Bu gün liga çempion oýunlary bar. Sagat 00:00-da oýunlar.

Dowamy »

1946 0
Sport, 5 years ago


Serdar Azmun Zenit klubyna geçdi.

Serdar Azmunyň 12,5 million ýewro Rubinden Zenite geçendigini ofisial ýagdaýda yglan etdiler. Bizem Serdara Zenitde ýokary derejelere ýetmegini arzuw edýäs. Zenit klubam Paradesi 30 million ýewro töweregine PSŽ klubyna satdy.

Dowamy »

1873 0
Sport, 5 years ago


Anderleht kluby Azmuny "nyşana" aldy

Bu transfer möwsümi tamamlanmaka Belgiýaň Anderleht kluby Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, Russiýaň Rubin Kazan futbol klubynda oýnaýan, asly türkmen bolan Serdar Azmun bilen gyzyklanýar.

Kazan kluby Azmun üçin Anderlehtden 10 million ýewro isleýär. Bu summa belgiýaly klubyň büdjetine agyrrak gelýän ýaly.

Ýene ý...

Dowamy »

2054 4
Sport, 5 years ago


Aziýa 2019 kubogy. Ýene ýeňildik! Oman 3-1 Türkmenistan

Biz janköýerlik etjek bolýas, ýygyndymyz garşy çykýa. Ýene janköýerlik etjek bolýas, ýene garşy çykýa. Şu gezek utarys diýýäs, ýygyndymyz utuljak diýýä. Omana utjak bolarys diýýäs, ýygyndymyz ýene garşy çykýa. Birinji taým 1-1 gutardy, ikinjide utarys diýýäs, ýygyndymyz içini tutup gülýä. 84-nji minutda 2-1 ýeňilip ugraýas. Deňe-deň bir tamamlansa...

Dowamy »

2571 3
Sport, 5 years ago


Sorag menden jogap sizden!

Türkmen dilinde "lütüm süýndi" diýen söz bar. Şol söz nämäni aňladýaka? Lüt diýilýän nämekä?

Dowamy »

1679 2
Sorag-jogap, 5 years ago