“Aýdyň gijeler” “Tolkun” nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly we “4K Ultra HD” durulykly telewizorlary hödürleýär.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanda “Smart TV” platformaly hem-de “IP-týunerli” telewizorlary düzmäge we synag etmäge başlady. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Hojalyk jemgyýeti alyjylara “Tolkun” haryt nyşanly diagonaly 32 we 42 dýumlyk, şeýle hem “Zemin” haryt nyşanly diagonaly 55 dýumlyk suwukkristal ekranly hem-de “4K Ultra HD” durulykly telewizorlary hödürleýär. Görnüşler zerur interfeýsler we kabel öýjükleri bilen üpjün ediler.

Täze kärhana içerki bazar hem-de eksport üçin niýetlenen telewizorlaryň ýylda 100 müň sanysyny öndürmäge ukyplydyr. Telewizorlar Hytaýyň “Xin Hong Bo Trading Limited” kompaniýasynyň tehnologiýasy boýunça we toplumlaryny ulanmak arkaly düzülýär.

Hojalyk jemgyýetiniň täze önümçiligi ozalky Aşgabat şäheriniň “Türkmenkabel” kärhanasynyň çäginde ýola goýuldy. Kärhananyň plastik öndürýän sehinde ýerli çig maldan korpus detallaryny öndürmek meýilleşdirilýar. Şeýle-de kärhanada 130 sany täze iş orunlary döredildi.

Tehnologiýa, bank tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir