Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Gyýbat barada goňşy mowzuklaryň birinde sorag soralypdy, men hem ähmiýetli görüp, \"gyýbat\" ady bn täze mowzuk açaýyn diýdim. Gyýbat, ynanjymyza we däbimize görä uly günälerden biri bolup, manysy hadysda şeýle beýan edilýär: Eger siz bir adam hakynda bir mejlisde (2 kişi hem bolup biler) kabir zatlar gepleşyan bolsanyz (erbet niyet bilen giybatyny etseniz)we şol adam sizin mejlisinizde bolan bolsa we birahat bolsa, hem-de aydan zatlarynyzam dogry bolsa, onda ol giybat bolyar. Yalnyş bolsa, hem giybat, hem-de tohmet bolyar. Ýöne bu yagday ucin umumy manyda rugsat berlen 4 yol bar, olar şeyle: 1-Erbet bir adamy, gerekli yerlere (Polisiya, hakimlik, hukuk we ş.m.) şikayat etmek; 2-Bir işde şariklik etjek adamyn gowy-erbet hemme hasiyedini aytmak; 3-Birine başga birini ginişleyin sypatlandyrmak(meselem, ol kor we agsakdy,...); 4-Erbetlik etmage hemişe dowam edip, şonun bilen hem her yerde owunyan erbet adamy beyleki ynsanlara tanadyp, onun şerinden aga bolmagy aytmak - yagdaylarynda giybat etmek millet ucin oran peydaly yagdaya gelyar! Giybaty etsenem, oz gezegine garaşyp goşulsanam, giybat edilyan mejlisde gepleman otursanam(giybaty durdurmaly başarsan) gowy zat dal, sebabi, şol kişinin hakyna cozup ona oz hakynyzdan bir bolek berdiginiz bolar. Giybat yaly eden hayir işlerini yok edyan başga erbet hasiyet yokmyka diyyan. Giybat, ayratynam, Turkmenciligi we ynsanlardaky gozel ahlaklary we agzybir marakani dagadyp biljek in erbet hasiyetlerden biri bolmaly Uly alymlardan birinin giybaty edilip, ona-da habary yetiryaler. Şol alym oz giybatyny edyan adamyn oyune gidip, ona gowja naz-nygmatlar peşgeş beripdir, ol adam sebabini soranda: - Sen menin giybatymy edip mana gazananja sogaplaryn uly mocberini beryan, menin şujagaz nygmatymy name ucin az goryan!? - diyip soranmyş. Ol adam bolsa, hem utanyp, hem-de gynanyp, giybat etmegini goyupdyr. Alymam ona peşgeş bermegini. Bir ayal bir mesele barada maglumat(hokum) owrenmek ucin Pygamberimizn yanyna baryar we owrenip yzyna gaydyar, şonda Hz.Aişe(r.a.) Pygamberimize: -Ey, Allanyn ilcisi, bu ayalyn boyi nahili gysga eken!? diyyar, şonda Pygamberimiz: -Ey, Aişe! Giybat etme! - diyyar, Hz.Aişe(r.a.) bolsa: -Ey, Allanyn ilcisi! Men onda bar bolan zady aytdym, ahyryn!? - diydi. Muna jogap hokmunde Pygamberimiz: -Hawa, sen onda bolan zady aydanyn ucin giybat boldy. Onda bolmadyk zady aydan bolsan welin, ona tohmet atardyn!(hem tohmet, hem giybat) Çeşme : www.yslam.info

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir