Bir gyzy özüňe çekmek üçin her oglan öz usuljygyny ullanan bolar =) we bu ugurda kösenýärler (ýagny kösenýän kösenýär:)), aslynda gyzlary özüňe çekmek üçin öz içiňizden geçýän duýgylar gaty möhümdir, diýjek bolýanym bir gyzy halan bolsaňyz we oňa gowy görünjek bolsaňyz köp halatda gaty işlerimiz şowuna bolmaýar, bu sebäpden her kim özi bolup başarnygyny görkezmek gerekdir ;) indi bolsa tema geçeli Gyzlary nämeler özüne çekýär ;) ? Gyzlar bizden köp zat isleýär, biz esasy gyzlarda owadanlygy halaýan bolsak gyzlar oglanlardan hemme taraplaýyn bolmagyny isleýär, düşünmekde, duýgydaşlykda, pikir alyşmakda garaz hemme taraplaýyn, şonuň üçinem gyzlar bir zada garanlarynda köp taraplaýyn seretýärler, biz ona söýýäs diýemizde meni aldaýarmyka ? Aldarmyka ? Meni hakykatdana söýýärmikä ýa-da başga göz bilen seredip söýýän diýýärmika ýaly pikir edýärler, şu meselede gyzlar özlerini ynamly duýmaýalar, bärdäki syr gyzlaryň özlerine ynam döredilmegi, her kim özi bolup gyzlary özlerine ynandyrsalar gyzlary özüňize çekmegi başaryp ugrarsyňyz, ýagny özüňde, özüňe ynam döretmeli ynandyrylmagyň ynandyrmagyň üçin ynam gazanmaly ilki bilen gyzlary özüňe çekmeklik üçin. Onda ynam nädip gazanmaly ? Olara hiç ýalan sözlemaň we tertipli ýanaşyň, Gyzlara umuman alanyňda pully ýa-da ýyldyz oglanlary halaýandyklaryny pikir etýändirsiňiz ýöne bu beýle däl, olar esasan arassa söýýän hem-de özlerini alada etýänleri halaýar, şeýle bolanda ol biz bilen bile aýlanmaga çykanda özlerini bir prens bilen aýlanýandyrnyn öýdüp bizi halamana başlaýalar ýagny söýgümiz arassa bolsa. Kijijek enaýy we manyly sowgatlar işimize gowy ýarar ;) olara ýazan goşgularymyz, ymtylmalarymyz, söýgi setirlerimiz bizi halatmany başlaýar, Gyzlar gaharjaň bolup biler, umuman alanyňda duyguçyl özlerinde köp zady dert edip ýörendirler, we ozleri hem şony isleýärler ;) şonuň üçin hem olary rahatlandyrmak we güldirmek olara hoş ýakýar. Olary deňizleriň gyralarynda aýlamaklyk ýada boş bir mekanda aýlamaklyk hem hoş ýakandyr asudalyk olara hoş ýakýanlygy üçin şeýle :) Gyzlary özüňe çekmek kynmy ? bu esasy gyzlara degishli sorag aslynda, sebabi bu sorag gyzlara görä üýtgeýär, biri birimizden tapawutly bolanymyz üçin ;) ilki bilen nahili gyzdygyny biljek bolmaly, başlamankaň ;) dostlary bilen tanyşmak we dostlaşmak ony tanamaklykda uly ýardam berer. :)

Köneler, Broker tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir