Barselona - Real madrid Nesip bolsa Oktýabr aýynyň 7-ne, Aşgabat wagty bilen sagat 22:50-de Ispaniýanyň milli çempionaty bolan La liganyň 7-nji turynda Barselona Nou Kampda Ronaldoly Real Madridi kabul edip, janköýerlere ýene-de bir El-Klassiko oýnyna tomaşa etmäge mümkinçilik berer. Soňky ýyllaryň iň bir çekeleşikli geçýän bu oýnuny Talyplardaky Çaklama Turnirine goşmakdan saklanyp bilmedim. Aslynda bu hepde Çempionlar Ligasyndan iki sany oýny bu turnirimize goşupdyk. Bu iki sany super klubyň duşuşygynam turnira goşmagy makul bildik. Serjio Ramosyň aýtmagyna görä olaryň esasy maksady çarşenbe gününde çempionlar ligasynda Aýaksdan 3 oçko almak eken. Bareselonadan ýeňilemizde-de aratapawut 11 oçko bolýar. Bu bolsa Realyň çempion bolup bilmezligi däldir diýip Serjio Ramos sözüniň üstüne goşdy. Onda näme, çaklamalarymyzy goýup başlabereliň! Haýsy komandaň utjagyny bilseň +1oçko. Kimiň ilki gol saljagyny bilsen +1oçko. Hasaby dogry bilseň +1oçko. Jemi +3oçko gazanyp bolýar.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir