Hormatly "ALTYN ASYR" Ý.G.P.J-iñ müşderileri!
Siz öz islegleriňizi teklipleriňizi, arz-şikaýatlaryňyzy ýollap bilersiňiz!
Ýöne nädip?
- 088 sorag-jogap gullugynyň işgärleriniň üsti bilen;
- Aşgabat şäherindäki merkezi ofislara gelip;
- Hat üsti bilen (türkmen poçta üsti bilen konwert görnüşinde).

- TMCELL siziň teklipleriňizi diňlemäge taýýar halda, SIZ Kompanýanyň durmusyna öz bildirişleriňizi, tekliplerňizi ugradyň.

- Mysal üçin:

- size nähili nyrh meýilnama gerek?!
- hyzmatlardan haýsylar ýeterlik däl?!
- nähili täzelik bolmagyny isleýäňiz?!
- size hereket edýän nyrh meýilnamalardan (tariflar), hyzmatlardan nägile ýeriňiz barmy (gymmatlygy ýa hereketi)
- Internet bukjalary size elýetermi we göwrümleri sizi kanagatlandyrýarmy, ýene nähili bukjalaryň açlylmagyny isleýärsiňiz?!.

I. Şular ýaly teklipleri siz 088- sorag-jogap gullugynyň işgärleriniň üsti bilen goýup bilersiňiz! Ýöne işgärler diňe dilden siziň teklipleriňizi aýdarlar.
 ( ÜNS BERIŇ! HÜNÄRMENLERIŇ NOBAT BOÝUNÇA TEKLIPLERE SEREDÝÄNLIGINI WE UZAK WAGTDAN SOŇ HASABA ALYNJAKDGYNY ÝATLADÝAS! SEBÄBI MÜŞDERILER KÖP).

II. Siz öz teklipleriňizi ýazmaça ýa-da kompýuterlerde çykarylan görnüşinde biziň merkezi bölumlerimize ugradyp bilersiňiz.
Onuň üçin bukjaň (konwertiň daşyna:
Adres: Aşgabat şäheri, Oguz han köçesiniň 217-nji jaýy Merkezi Altyn asyr diýip ýazmaly) bu usul has ynamly we has tiz hasaba alynyp tiz üstünde işlenilýän görnüşidir. Munuň üçin tiz TÜRKMENPOÇTA hyzmatyndan peýdalanmaly poçtalardan ugratmaly.

III.Merkezi ofislara hut özüňiz pasportyňyz bilen gelip hünärmenler bilen ýüzbe ýüz teklip berip hem bilersiňiz. Bu hem has ynamly usuldyr.

Üç hödürlenýän görnüşlerimizden has amatly we tiz seljerilýäni II-nji we III-nji usullardyr ýagny poçta üsti bilen ýada ofislara gelip.

Geliň hemmämiz bile INTERNET üçin has amatly nyrhmeyilnamalaryň açylmagyny teklip edeliň.

Men şeýle teklip berdim emma has köp teklipler gelen ýagdaýynda döredilmegini göz öňünde goýdular eger biz bile teklip bersek onda gürrüňsiz döredilmegine esas bardyr.

___ INTERNET 100____ nyrh meýilnamasy.

-Birikdirmek 1 manat.
-Her aý müşderi tölegi 100 manat.
___Bir aýyň dowamynda (30 gün):
- 300 minut; gutaransoň minut 0.05 teňňe
- 300 SMS; gutaransoň bir sms 0.05 teňňe
- GÜNDIZKI 5 GB bukjasy (irden sagat 06:00-dan, agşam sagat 24:00-a çenli);
- GIJEKI 20 GB bukjasy (Agşam sagat 24:00-dan, irden sagat 06:00 çenli)
Jemi 30 günüň dowamynda gije gündizleýin 25 GB bukja berikdirilse, olaram görkezilen saglara bölünip hereket etse, hem gije hem gündiz internetden arkaýyn peýdalanyp boljak eken.
Bukjalar ulanylyp gutarandan soň hem 1 mb bahasy 0.03 teňňeden bolsa.
Ýadyňyza düşýän bolsa MTS kompaniýasynyň şular ýaly nyrh meýilnamalary we internet bukjalary bardy.

Dostlar geliň ýokardakly ýaly amatly tariflary teklip edip ýollalyň we açylmagyna garaşaly.

Täzelikler, TMCELL11 tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir