Salam hormatly, ýurdumyzyñ gülläp ösmekligine uly goşantlaryny goşjak, türkmen halkynyñ asuda, agzybir, parahat durmuşda ýaşamaklygyna uly täsirlerini ýetirjek gadyrly ýaşlar, agzalar, dostlar! Men siziñ ähliñize jan saglygyny arzuwlaýaryn we dostluk baradasyndaky kiçiräjik tymsaly siziñ bilen paýlaşmagy makul bildim. Bir wagtlar bir adamyň erbet häsiýetli ogly bolupdyr. Günlerde bir gün kakasy ogluna bir torba çüý alyp beripdir. Soňra ogluny ýanyna çagyryp: “Oglum, şu torbadaky çüýleri al-da, her gün, her bir erbet sözüň üçin gapa bir çüý kak. Çüý kakmaňy besedeňsoň, maňa aýt” diýipdir. Oglan birinji gününde otuz ýedi çüý kakýar. Ol muny görüp, özünden utanýar we her gün az çüý kakmaga synanyşýar. Birnäçe gün geçenden soň seredip görse, indi hiç çüý kakanok eken. Oglan gidip kakasyny çagyryp:“Kaka, men indi erbet söz aýtmamy goýdum” diýýär. Kakasy bu gezegem “Her gezek erbet söz diýmedik günüň gapydan bir çüý çykar” diýipdir. Kakasy sözlerini aýdyp gidendensoň, aradan ep-esli wagt geçipdir. Ogly gapydaky ähli çüýleri sogrup aýrypdyr. Kakasy ýene gelip: “Tüweleme, oglum. Indi hiç bir erbet söz diýeňok. Ýöne, bir gapa seretsene! Deşik-deşik bolupdyr. Edil şonuň ýaly dostlaryň kalbynda hem ýaralar galýar. Olar seni bagyşlaýandygyny aýdarlar, emma, ol ýara hiç bitmez. Oglum, gowy dost dünýäde iň deňi-taýy bolmadyk gymmat zat ýalydyr. Seni güldürýän, gerek bolsa kömek edýän, ýe­ri gelende diňleýän adamdyr” diýipdir. Çeşme: zaman gazeti. Ine şonuñ üçin hem geliñ ählimiz dostlaşyp, doganlaşyp agzybirje ýaşalyñ!

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir