"söýgi bar. Ýok bolsa-da oýlanyp tapylmagyna degýän zat! Sebäbi, söýgüsiz durmu$ köp zatlaryñy ýitirýäs, içgysgynç bolýar" diýmäni gaty halaýadym mekdepde okaýakam. $ol döwürler dostlarymyz bilen hemme zat barada pikir aly$ýadyk. (aý, 16-17 ýa$ly oglanlar-da!) ýokardaky sözler sitata bolup biler, men bu sözleri, belki, bir ýerlerden e$idendirin. Ýöne $ol sözler dogry diýýärdim. Logiki pikirlenseñ, da$-töweregiñe seretseñ we beýleki adamlaryñ durmu$yny analiz etseñ, söýgi ýok diýmek has ýakyn. Ýöne käwagtlar bagtly ma$galalary göreñde "aý, bir-birlerini söýýändir" diýýäñ içiñden. Elbetde, öz ýolda$yñy halasañ, sulhuñ alsa oña ýetesi näme bar?! Gaty az zat bar... Ýöne hemi$e $eýle bolaýanok durmu$da, gynansagam! Mümkin, söýgi diýip adamlar ýalñy$ dü$ünýändirler ýa söýdümmikäm diýip durmu$ gurýandyrlar. Soñ seretseler, söýgem ýok, zadam... Söýgi diýen zat gaty seýregem bolsa, adam pahyryñ göwni Kap dagynda. $onda-da ynanýa, umyt edýä... Ýok diýip çürt-kesik aýtmak kyn, $onda-da kalbyñ bir ýerlerinde söýgä ynanç ýatyr. "bolaýmaly! Söýgi bolaýmaly! Menem öýlenmeli. Söýmän-söýülmänem bir 40-50 ýyl bile ýa$a$yp bolarmy?" diýen pikir at salýa gursakda. "birje perizady tapsam, ýüzi aý ýaly bolsun, mylaýym bolsun, dü$ünjeli bolsun we $.m" diýen arzuwlar her kimiñ göwnünde barmyka diýýän! Ýöne orslarda "мечтать не вредно" diýil$i ýaly arzuw arzuwlygyna galyberýär köplenç. Öýlenip 1-2-3 ýyl geçensoñ, söýgi diýen söz köp adamyñ sözlüginden çykyberýär...

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir