Ýüregiñ böküp dur. Dünýä sygañok, sähel zada gülen 18 ýa$ym. Uly dünýä bir garaý$a degenok, wah, özgesi ýanan 18 ýa$ym. Duýmandyryn neneñ-niçik geçeniñ, bu toýlarda tans oýnap, serden geçenim, $o-ol gözeliñ gözlerine gaçanym, girdaba gark bolan 18 ýa$ym. Çola$asyñ geldi dilber näzine, sata$asyñ geldi söýen gyzyña, biygtyýar dü$düñ gitdiñ yzyna, ýatlamadan gelen 18 ýa$yñ. Göz astyndan ogryn-ogryn bakmalar, wada berýär, wagty bilen çykmaýar, ag$am aý y$kyna $öwür çekmeler, bar wagtyñy alan 18 ýa$yñ. Ähli ahmyr-armanlarmy alardyñ, indi näme etjegimi bilerdim, diläniñe bitse, ýatyp dilärdim, ýeke gezek dolan, 18 ýa$ym! Diýdi:"$ahyr, gury hyýal haýy$yñ" , ýyllar gulagyma çakdy çawu$yn, $indiki ýa$lardan ýalñyz haýy$ym: gadyryny biliñ, 18 ýa$yñ!

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir