✔Ýatylýan otag näçe sowuk bolsa, şonça-da ýaramaz düýş görmek ähtimallygy artýandyr.
✔Adatça zenanlar erkeklere garanyñda, reñki gowy saýgarýarlar.
✔Beýni gözüñ görýän zatlaryny 0,5 sekunt giç kabul edýär.
✔Çybynlaryñ dişleri bardyr.
✔Alymlar kebelekleriñ 4800 km-e golaý aralyga uçup bilýändigini kesgitläpdirler.
✔Bir towugyñ iñ uzak uçuş wagty kesgitlenilende, ol 13 sekunda deñ bolupdyr.
✔Çekirtgeler yzky aýaklaryndaky deşikler arkaly eşidip bilýärler.
✔Dünýädäki towuklaryñ sany adam sanyndan köpdür.
✔Bir ary ýarym kilogram bal ýygnamak üçin 2million güle gonmaly bolýar.
✔Mawy reñki görüp bilýän ýeketäk guş baýguşdyr.
✔Adam bedenindäki süñkleriñ dörtden biri aýaklaryndadyr.
✔Adam ortaça 7minutda uka gidýär.
✔Žiraflar, takmynan, 53 sm bolan dilleri bilen gulaklaryny arassalap bilýärler. Şeýle-de olar suwsuzlyga düýelerden hem çydamlydyrlar.
✔Diñe towşanlar hem-de totuguşlar kellelerini öwürmän arkalaryny görüp bilýärler.

Bilim, Xyivenia tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir