Ispan-gruzin gelip çykyşly söweşiji Ilýa Topuriýa UFC-niň ýeňil agram derejesindäki boş guşagyň täze eýesi boldy. Ol UFC 317 ýaryşynyň esasy söweşinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňdi. Ýaryş 29-njy iýunda Las-Wegasda geçirildi. Topuriýa eýýäm birinji raundda nokaut arkaly ýeňiş gazandy. Bu onuň hiç bir ýeňlişi bolmazdan gazanan 17-nji professional ýeňşidir. Ol mundan ozal hem ýarym ýeňil agramda guşagyň eýesi bolupdy. UFC-niň öňki çempiony Oliweýranyň hasabynda bolsa häzirki wagtda 35 ýeňiş we 11 ýeňliş bar. Onuň gatnaşan ýene bir tutluşygy güýjüni ýitiren diýip ykrar edilipdi. Topuriýa bilen söweşmezinden öň 35 ýaşly Oliweýra amerikaly Maýkl Çendleri ýeňipdi. Islam Mahaçew ýokarky agram kategoriýasyna geçip, täze ýarym agyr agram çempiony awstraliýaly Žek Della Maddalena bilen söweşmek üçin UFC-da ýeňil agramyň guşagyndan el çekenden soň boş galypdy. UFC 317 ýaryşynyň ikinji esasy söweşinde Aleşandri Pantoža iň ýeňil agramdaky UFC-niň çempiony guşagyny gorap saklady. Ol täze zelandiýaly Kaý Kara-Fransy üçünji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi. Şeýle hem şol agram derejesindäki başga bir söweşde Joşua Wan Brendon Roýwal bilen bolan söweşde eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazanyp, guşak üçin indiki dalaşgär boldy. Ýaryşda şeýle hem Beneil Dariuş bilen Renato Moýkanonyň arasyndaky söweş geçirildi. Dariuş eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňiji boldy.