Lexus Toyota-nyň ýolbaşçysynyň hormatyna atlandyrylan krossowerini diňe lotereýa esasynda berýär
Lexus Ýaponiýada LBX Morizo RR Original Edition krossoweriniň çäkli nusgasyny çykarar, onuň bary-ýogy 100 sanysy bolar. Olary diňe lotereýanyň ýeňijileri satyn alyp biler, lotereýa gatnaşmak üçin sargytlar dilerlik merkezlerinde kabul ediler diýip, Ýaponiýanyň habar beriş serişdeleri habar berýär.
Bu model Toyota kompaniýasynyň prezidenti Ak...
Microsoft-yň Edge brauzeri rekord 300 millisekuntda sahypalary ýüklemegi öwrendi
Microsoft kompaniýasy sahypa geçenden soň 300 millisekuntdan hem az wagtda mazmuny - teksti, suratlary ýa-da interfeýsiň elementlerini görkezip başlaýan Edge brauzeriniň tizliginiň gowulaşandygyny habar berdi. Bu barada The Verge neşiri habar berdi.
Tizlenme Google tarapyndan 2017-nji ýylda işlenip düzülen First Contentful Paint (FCP) ölçegi...
Samsung iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek girdejisiniň 56%peselmegine garaşýar
Samsung Electronics 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi boýunça operasion girdejisiniň ep-esli azalmagyna garaşýar. Günorta Koreýanyň tehnoägirdiniň deslapky bahalandyrmasyna görä, bu döwürde operasion girdejisi 4,6 trln wona ($3,37 mlrd) deň bolar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56% azdyr. Şol wagt girdeji 10,4 trln wona ýetipdi...
Euro NCAP 2025-nji ýylyň iň ygtybarly 10 awtoulagyny atlandyrdy. Reýtingde 6 sany hytaý modeli bar
Ýewropanyň Euro NCAP kraş-synag birleşigi 2025-nji ýylyň iň howpsuz awtoulaglarynyň sanawyny täzeledi. Ilkinji onlukdaky modelleriň ýarysyndan gowragy Hytaýyňkydyr. Şeýle hem, sanawda Tesla, Audi we Polestar bar diýip, Finratings.kz ýazýar.
Tesla Model 3 mümkin bolan 400 baldan 359 bal gazanyp, birinji ýeri eýeledi. Bu model sürüjini, ýolag...
BYD-niň täze akkumulýatorlary tiz zarýad bermegi we 1000 km-den gowrak ýol ätiýaçlygyny üpjün edýär
BYD hytaý kompaniýasy 2027-nji ýylda aşa berk (solid-state) akkumulýatorly elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlajakdygyny mälim etdi. Täze tehnologiýa bilen ulaglar 1000 km-den gowrak ýol aralygyny geçer hem-de 12 minutdan az wagtda doly zarýadlanar.
Öndürijiniň maglumatlaryna görä, gaty berk batareýalaryň energiýa dykyzlygy 400...
OpenAI Google Chrome bilen bäsleşmek üçin öz brauzerini işe girizer
OpenAI ýakyn hepdelerde emeli aňly hususy web-brauzerini işe girizmäge taýýarlanýar. Kompaniýa onuň bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän Google Chrome bilen bäsleşip biljekdigine ynanýar diýip, Reuters habar berýär.
Täze brauzer ChatGPT bilen meňzeş interfeýsi ulanyp, ulanyja başga saýtlara geçmezden çatyň özünde birnäçe hereketleri ýerine ýetir...
Redmi 15C we Poco C85 resmi tanyşdyrylmazdan öň suratlary peýda boldy
Xiaomi arzan bahaly täze Redmi 15C we Poco C85 smartfonlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Olaryň suratlary sertifikatlaşdyrylýan wagty internetde peýda boldy. Şeýle-de resmi ýaly görünýän şekil suratlary hem ýaýradyldy.
Iki enjam hem Tailandyň NBTC bazasynda ýüze çykaryldy: Redmi 15C – 25078RA3EA belgili, Poco C85 bolsa – 25078PC3EG belgili. Bel...
Google emeli aňyň kömegi bilen düwnük keseline garşy derman taýýarlaýar
Alphabet holdinginiň düzümine girýän Isomorphic Labs kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryny ulanyp, düwnük keseline garşy derman serişdesini işläp taýýarlaýar. Bu barada Fortune neşiri habar berýär.
Kompaniýanyň prezidenti we Google DeepMind-yň işewürlik müdiri Kolin Merdogyň aýtmagyna görä, derman serişdesini taýýarlamak işleri birnäçe ýyl...
Twitter-iň döredijisi internetsiz işleýän Bitchat atly messenjeri işe girizdi
Twitter bilen Bluesky-yň esaslandyryjylaryndan biri bolan Jek Dorsi internet baglanyşygy bolmasa-da işleýän merkezleşdirilmedik Bitchat atly täze messenjeriň beta wersiýasyny hödürledi. Goşundy hatlary enjamlaryň arasynda geçirmek üçin Bluetooth Mesh tehnologiýasyndan peýdalanýar.
Resminamalarda aýdylmagyna görä, Bitchat global toruň näsazly...
Windows 11-de öňünden ornaşdyrylan programmalary öçürmek ýeňilleşdirildi
Insider Preview maksatnamasy arkaly paýlanyp başlanan Windows 11-iň 25H2 wersiýasynda, öňünden ornaşdyrylan programmalary ýeňil öçürmäge mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu täzelik ulgamyň resmi täzelenmesi çykarylansoň, diňe Pro wersiýasyny ulanýanlar üçin elýeterli bolar.
«Patch My PC» çeşmesiniň habar bermegine görä, Windows...
Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan ozduryp, dünýäde iň meşhur OS boldy
2025-nji ýylyň iýulynda Windows 11 ilkinji gezek Windows 10-dan öňe geçip, stolüsti kompýuterler üçin iň köp ulanylýan operasion ulgam boldy. StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 11 häzirki dünýä bazarynyň 52%-ini eýeledi, Windows 10-yň paýy bolsa 44,59%-e çenli azaldy.
Ýokary ulgam talaplary sebäpli Windows-yň 11-nji wersiýasy...
Toyota düýbünden täze benzin hereketlendirijilerini hödürledi: öňküden ýeňil hem kuwwatly
Toyota zyňyndylary azaltmaklyga we kuwwatyny ýitirmezden, ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmaklyga gönükdirilip döredilen benzin hereketlendirijileriniň täze maşgalasyny hödürledi. Bu işläp taýýarlama entek doly elektrikli ulaglara geçmäge taýyn bolmadyk sürüjilere niýetlenendir.
Setirde ölçegleri we agramy kemeldilen 1,5 we 2,0 litrlik here...
Trump Media kompaniýasy Netflix-iň bäsdeşi boljak Truth+ akym hyzmatyny işe girizdi
Trump Media kompaniýasy özüniň Truth+ akym hyzmatynyň dünýä derejesinde işe başlandygyny habar berdi. Häzirki wagtda platformadaky göni ýaýlymlar we wideo mazmun mugt elýeterlidir. Abuna ýazylmak barada maglumat ýok diýip, Reuters ýazýar.
Platforma teleýaýlymlara göni ýaýlymda we iOS, Android, web wersiýasy, şeýle hem smart-TV-de - Apple TV-...
ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyplydygyny görkezdi
ChatGPT kosmos gämisini dolandyrmaga ukyply bolup çykdy. Ol «Kerbal Space Program Differential Games» atly simulýasiýadaky uçuş bäsleşiginde ikinji orny eýeledi. Bu barada «Live Science» neşiri habar berýär.
Bäsleşik ilkinji gezek 2023-nji ýylda Massaçusets tehnologiýa institutynyň başlangyjy bilen geçirilip başlandy. Ol Ýere ýakyn orbitada...
BMW M2 CS Nýurburgring ýaryş ýolunda ykjam awtoulaglaryň arasynda rekord goýdy
«BMW M2 CS» köpçülikleýin öndürilýän ykjam awtoulaglaryň arasynda Nýurburgring ýaryş ýolunda täze rekord goýdy. Kupe görnüşli awtoulag 20,8 kilometrlik ýoly 7 minut 25,5 sekuntda geçdi. Şeýlelikde, ýoly 7 minut 30 sekuntdan gysga wagtda geçmegi başaran ilkinji ykjam awtoulag boldy.
Täze netije öz synpyndaky ozalky rekordy 8 sekunt aratapawut...
Hyundai täze Elantra we Tucson modellerine «PLEOS Connect» atly emeli aňly öz multimedia ulgamyny ornaşdyrar
Hyundai Motor Group täze Elantra we Tucson modellerinde PLEOS Connect atly multimedia ulgamyny hödürlär. Bu kompaniýanyň «programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar» (SDV – software-defined vehicle) üçin niýetlenen ilkinji özboluşly programma platformasydyr.
Ulgam ilkinji gezek sekizinji nesil Elantra modelinde 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde,...
Mask täze partiýa döredip, ony “Amerika” diýip atlandyrdy
Dünýäniň iň baý adamy, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask “Amerika” ady bilen täze syýasy partiýany döredendigini aýtdy. Bu barada ol 5-nji iýulda ulanyjylaryň arasynda geçirilen ses berişligiň jemi boýunça X sosial ulgamynda habar berdi.
ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni Mask öz akkauntyna ýazylan adamlardan olaryň iki partiýaly s...
Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplary üçegiň howpsuzlyk ýassyklaryndaky näsazlyk sebäpli yzyna gaýtarylýar
General Motors üçege gurnalan gapdal howpsuzlyk ýassyklarynyň çişirilýän modullary bilen bagly bolup biljek näsazlyk sebäpli 2018-2019-njy ýyllaryň Chevrolet Silverado we GMC Sierra pikaplarynyň yzyna ýygnalýandygyny habar berdi.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda çykan awtomobilleriň birinde ýassyk işlemese-de modulyň ahyrky g...
Xiaomi "Smart Audio Glasses" akylly äýnek-gulaklyklarynyň global satuwyna başlady
Xiaomi dünýä bazarynda Günden goraýan äýnekleriň we açyk görnüşli Bluetooth-gulaklyklaryň funksiýalaryny birleşdirýän Smart Audio Glass-y satyp başlady diýip, Gizmochina habar berýär.
Model ýaňy basyş we ses zolagyny emele getiriş algoritmli SLS0820 ultrases dinamikleri bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sesiň daşyna çykmazlygyny üpjün edýär. Tehn...
Ferrari bilen Rolls-Royce-yň ozalky ýolbaşçylary McLaren-iň direktorlar geňeşine goşuldy
McLaren direktorlar geňeşiniň täze düzümini mälim etdi. Bu geňeş kompaniýanyň strategik dolandyrylyşyny alyp barar. Täze geňeşiň düzümine dokuz adam girýär, olaryň arasynda Ferrari-niň öňki ýolbaşçysy Luka di Montezemolo bilen Roll-Royce-a 15 ýyl ýolbaşçylyk eden Torsten Mýuller-Otwos hem bar.
Direktorlar geňeşine Abu-Dabiden CYVN Holdings m...