Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin bot peýda boldy
Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin resmi bot peýda boldy. Bu barada “Kod Durowa” habar berýär.
Täze gural mini-programma esaslanýar we ýüzi skanirlemek funksiýasyny ulanýar.
Boty aýratyn ýa-da sazlamalar menýusy arkaly işe girizmek bolýar. Häzirki tapgyrda ol ýaşy tassyklamagy kanuny derejede talap edýän ýurtlarda işleýär....
Volvo XC 70 wnedorožnigi skandinaw äheňine eýe boldy
Volvo kompaniýasy XC70 wnedorožniginiň täze modelini çykardy. Geçirilýän gibrid özünde skandinaw äheňli ýokary tehnologiýany jemleýär.
XC70 SMA-nyň platformasynda gurlan. Güýç gurluşy 1,5 litrlik benzinli hereketlendirijiden we 120 kW kuwwatly elektrik hereketlendirijisinden ybarat.
Teker bazasy 2895 mm, gabarasy 4815 x 1890 x 1650 mm...
ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklamaga kömek etjek plastyr oýlanyp tapyldy
ABŞ-da öý şertlerinde deriniň rak keselini anyklap bilýän mikro iňňeli silikon plastyr işlenip taýýarlandy. Bu barada Biosensors we Bioelektronika ylmy žurnalynda habar berildi.
Enjam syçanlarda we doňuzlarda geçirilen synaglardan üstünlikli geçip, melanomany howply däl çişlerden tapawutlandyrmaga ukyplydygyny görkezdi.
Plastyr ýyldyz...
ABŞ emeli aň pudagynda öňde barýar, Hytaý ikinji orunda
ABŞ emeli aňyň ösüş derejesi boýunça ýurtlaryň global reýtinginde birinji orunda durýar. Hytaý ikinji orny, Beýik Britaniýa üçünji orny eýeledi. Şeýle maglumatlar Hytaýyň Ylmy we tehnologiki maglumat instituty tarapyndan Pekin uniwersiteti bilen bilelikde hödürlenen EA pudagynda global innowasiýa indeksi baradaky hasabatda getirilýär. Maglumatlar Ş...
Geljekki Mars missiýasy üçin iň uly paraşýut stratosferada synag edildi
Thales Alenia Space-iň we Ýewropa kosmos agentliginiň (ESA) işgärleri ExoMars-yň geljekki missiýasy üçin paraşýut ulgamyny synagdan geçirdiler. Uçurylýan modulyň geliý şary bilen Polýar tegeleginden 30 km belentlige galdyrylan maketi iki paraşýutyny açandan soň ýere üstünlikli gondy.
Ulgam Gyzyl planetanyň üstüne “Rozalind Franklin” mars row...
IOS 26-da şübheli habarlar filtrden geçiriler
Apple iOS 26-da “Habarlar” (Messages) programmasyna spamy we fişingi filtrden geçirmek ulgamyny goşdy. Bu barada 9to5Mac portaly ýazýar.
Programmada habarlaryň täze kategoriýalary peýda boldy: “Habarlar”, “Näbelli iberijiler”, “Spam” we “Ýakynda pozulanlar”. Ulanyjylar bu aýratyn bukjalary işjeňleşdirip ýa-da öçürip, filtrden geçirmegi elde...
NASA Ýeriň magnit galkanyny öwrenmek üçin TRACERS zonduny uçurdy
NASA Ýere golaý giňişlikde magnit birikdiriş hadysalaryny öwrenmek üçin TRACERS missiýasyna başlady. Munuň üçin ol Kaliforniýadaky Wandenberg kosmos merkezinden SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasyny ulandy.
Bu missiýa Ýeriň şol bir meýdançalarynyň üstünden biri-birinden 10 sekunt aralykda tirkeşip uçjak ekiz hemralara esaslanýar. Olar ma...
NASA-nyň her bäşinji işgäriniň işden boşadylmagyna garaşylýar
ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) 3870 töweregi işgäriň işden çykarylýandygyny habar berdi, bu bolsa işgärleriň umumy sanynyň 20%-ini düzýär. Şolar işden aýrylandan soň agentligiň işgärleri 18 000-den 14 000 adama çenli azalar.
NASA işgärleriň köpüsiniň agentlik bilen baglaşylan şertnama la...
SpaceX Kanaweral burnunda Starship üçin uçuş meýdançasynyň nähili boljakdygyny görkezdi
Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Kanaweral burnunda ABŞ-nyň Kosmos güýçleri stansiýasynda geljekki SLC-37 uçuş toplumynyň renderini hödürledi. Häzirki wagtda inženerler bu toplumy Starship raketalarynyň zerurlyklaryna görä gaýtadan üýtgedip gurýar.
Kompaniýanyň meýilnamalaryna görä, SLC-37 toplumyndan ýylda 76 Starship raketasyny uçurmak we şo...
Moskwada 85-nji gaty seýilgähli ýaşaýyş diňi gurlar
“Moskwa-Sitide” One Tower ady bilen ýaşaýyş diňini gurmak meýilleşdirilýär. Ozal bu işewürlik merkeziniň binalarynda öýler däl-de, diňe wagtlaýyn galmak üçin otaglar ýerleşýärdi. Binanyň beýikligi 379 metr bolar.
Täze diňiň esasy aýratynlygy Ýewropadaky iň beýik seýilgäh bolar. Ol diňiň ýokarky gatynyň köp bölegini eýeläp, 85-nji gatda, 338,...
Unitree gumanoid robota keseligine aşyr atmagy we togalanmagy öwretdi
Hytaýyň Unitree kompaniýasy täze Unitree R1 gumanoidini hödürledi. Bu döwrebap we arzan robotyň agramy bary-ýogy 25 kg bolup, ol togalanmak we keseligine aşyr atmak ýaly dürli hereketleri ýerine ýetirip bilýär.
Robotyň 26 hereket bogny, şol sanda aýaklarynda 6 bogun, ellerinde 5 bogun we kellesinde hem bilinde 2 bogun bar.
Unitree R1...
Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmak ulgamyny patentledi
Xiaomi awtomobili daşyndan ses arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa üçin patent arzasyny berdi.
Patent 25-nji iýulda Hytaýda neşir edildi. Onda hatda galmagalyň arasynda awtomobiliň salonyndan daşary aýdylýan ses buýruklaryny tanaýan ulgam barada beýan edilýär.
Beýanda çözgüdiň awtomobiliň korpusyna gurnalan mikrofonlara...
YouTube Shorts-da indi suratlardan we tekstden wideo döretmek üçin gurallar peýda boldy
YouTube Shorts gysga dik wideolaryň döredilmegini aňsatlaşdyrmak üçin AI bilen işleýän täze gurallary hödürledi. Bu barada wideo hyzmatynyň blogunda habar berilýär.
Täze girizilen gurallaryň arasynda suraty wideo öwürýän funksiýa, AI-animasiýaly wideo effektler, şeýle hem tekst görkezmelerine esaslanyp wideo, şekil we saz döretmäge mümkinçil...
OpenAI baradaky täze filmde Ilon Maskyň keşbini kimiň ýerine ýetirjekdigi belli boldy
“Kinostudiýa” serialyndaky keşbi bilen tanalýan aktýor Aýk Barinhols “Emeli” (Artificial) filminde telekeçi we dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi.
Filmiň önümçiligi Amazon MGM tarapyndan alnyp barylýar. Sýužeti OpenAI kompaniýasyna we onuň baş direktory Sem Altmana ba...
BYD Galaxy Watch akylly sagatlaryny öz ulaglary üçin açar edip ulanar ýaly etdi
Hytaýyň BYD awtoulag öndürijisi hytaý brendleriniň içinde ilkinji bolup Samsung Galaxy Watch akylly sagatlarynda sanly düwmelere goldawy ornaşdyrdy. NFC tehnologiýasyny ulanýan bu funksiýa häzirlikçe diňe Hytaýda bar, ýöne geljekde beýleki bazarlarda hem peýda bolup biler diýip Sammobile ýazýar.
Sanly açar Galaxy Watch 7-de, Watch 8-de, Watc...
Toyota kompaniýasy Supra 2027-ni çykarmakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes edýär
Toyota kompaniýasy Supra modeliniň indiki neslini işläp taýýarlamakda BMW bilen hyzmatdaşlygyny bes eder. Bu barada Best Car ýapon neşiri habar berdi.
2027-nji ýylyň täze GR Supra modeli doly derejede ýapon üpjünçiligine eýe bolar: awtomobil Toyota-nyň kuwwaty, takmynan, 400 at güýji bolan 2,0 litrlik gibrid hereketlendirijisi bilen enjamlaş...
Porsche 911 modeliniň iň güýçli ýol wersiýasyny taýýarlaýar. Ol eýýämden Nýurburgringi eýmendirýär
Porsche 911-iň 2027-nji ýylda satuwa çykaryljak täze GT2 RS wersiýasynyň synaglaryny tamamlaýar. Nýurburgringde alnan suratlarda onuň ýaryş awtoulagyna ýakyndygy, ýöne jemgyýetçilik ýollary üçin hem amatly ulagdygy görünýär. GT2 RS taryhynda ilkinji gezek gibrid güýç gurluşyny aldy diýip, Motor.es ýazýar.
Bu model umumy güýji 800 at güýjüni...
Toyota Indoneziýada bZ4X elektrokrossoweriniň önümçiligine başlar
Toyota kompaniýasy Indoneziýada täzelenen bZ4X elektrik krossoweriniň ýerli önümçiliginiň başlandygyny habar berdi. Bu barada GIIAS 2025 awtoulag sergisinde öndürijiniň wekilleri habar berdiler.
Bu markanyň ýurtda ýygnalýan ilkinji elektrik ulagy bolar. Önümçilik elektrik ulaglara çalt geçmek boýunça milli maksatnamany goldamak üçin strategi...
Honda Aýrton Sennanyň F-1-de çykyş eden ulagyna oturdylan soňky V10-ny auksiona çykarar
Honda Racing awgust aýynda braziliýaly ýaryş sürüjisi Aýrton Senanyň Formula 1 awtoulagynda ulanylan iň soňky V10 hereketlendirijisini Kaliforniýanyň Bonhams auksionyna çykarar. 3,5 litrlik RA100E hereketlendirijisi 1990-njy ýylda Ýaponiýanyň we Awstraliýanyň Gran-prisinde MakLaren-Honda MP4 / 5B -de ulanyldy.
Ýaponiýanyň “Suzuki” aýlawynda...
Mercedes özüniň esasy C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar
Mersedes-Benz C-Class Estate uniwersalyny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Modeliň ilkinji çykyşy 2026-njy ýylyň ortalaryna meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ol Günorta Ýewropada synagdan geçýär.
Ogryn düşürilen suratlar awtoulagyň dizaýnyna, tehnologiýasyna we gibrid ulgamlaryna üýtgeşmeleriň girizilendigini görkezýär.
Restaýling daşky...