«Apple» kompaniýasy 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda we 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda «iPhone» eltelefonlarynyň azyndan bäş sany täze kysymyny öndürmegi meýilleşdirýär, olaryň arasynda eplenýän smartfon hem bar. Bu barada «Nikkei Asia» neşirine salgylanýan «ria.ru» habar berdi. «iPhone 17 smartfonyna isleg bazarda henizem ýeterlik oňat, emma bize «iPhone 18» üçin umumy çipleri hem-de düzüm bölekleri ätiýaçlykda saklamagy tabşyrdylar» diýip, «Apple»-niň esasy üpjün edijileriniň biri neşire gürrüň berdi. Gazetiň maglumatlaryna görä, «Apple» 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda «iPhone Pro» we «iPhone Pro Max» nusgalaryny, şeýle hem ilkinji eplenýän smartfonyny bazara çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda bolsa, kompaniýa azyndan iki kysymy – «iPhone 18» we täze «iPhone Air» smartfonlaryny satuwa goýbermekçi. «Nikkei Asia» şeýle hem «Apple» öz üpjün edijilerine bu ýyl eplenýän «iPhone» kysymlarynyň 10 millionyna golaýyny öndürmäge taýýarlanmagy tabşyrypdyr diýip habar berdi. Umuman alnanda, 2026-njy senenama ýylynda kompaniýa öňki bar bolan we täze «iPhone» smartfonlaryny goşmak bilen, 220 milliondan kän enjam öndürmegi maksat edinýär.