Her gün dünýäde bir milliarddan gowrak adam «ChatGPT», «Claude» we «Gemini» atly emeli aň gepleşik ulgamlaryny ulanýar diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň garaşsyz halkara ylmy toparynyň çap eden nutugynda habar berildi. Garaşsyz halkara ylmy toparyň nutugynda bellenişi ýaly, emeli aň önümlerini döretmek üçin dünýäniň öňdebaryjy superkompýuterleriniň 500 sanysy ulanylýar. Olaryň hasaplaýyş kuwwatlyklarynyň 75 göterimi Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, 15 göterimi bolsa, Hytaýyň paýyna degişlidir. Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.