Geworkýan: Türkmenistan — Özbegistan oýnuna hökman tomaşa ederin
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky ýarymgoragçysy, karýerasynyň dowamynda Özbegistanyň birnäçe klublarynda üstünlikli çykyş eden Artur Geworkýan Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynyň «A» toparçasynyň 2-nji tapgyrynda ertir geçiriljek Türkmenistan — Özbegistan oýny barada bildirdi.
Ol championat.asia saýtynyň žurn...
Eýran Serdar Azmunyň bir goly we bir assisti bilen Owganystanyň ýygyndysyny uly hasapda ýeňdi
Şu gün Bişkek şäherindäki Dolen Omruzakow adyndaky stadionda CAFA Nations Cup-2023-iň ikinji tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysy owganystanly futbolçylary 6:1 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykdaky ilkinji goly «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmun 20-nji minutda geçirdi. Şondan bir minut soňra «Portunyň» hüjümçisi Mehdi Taremi hasaby 2:0-a çykardy. 26-nj...
Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygynyň eminleri belli boldy
Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatynyň 2-nji tapgyryndaky Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygynyň eminleri belli boldy.
Duşuşygyň baş emini gyrgyzystanly Nurzatbek Abdukadyrow bolar. Oňa watandaşy Sergeý Grişçenko bilen owganystanly emin Mohid Şarif Sarwari ýardam berer. Duşuşygyň dördünji emini bolsa eýranly Hasan Akram bolar....
Mbappe «PSŽ» toparynyň ýolbaşçylaryna şertnamasyny uzaltmajakdygyny duýdurdy
Fransiýaly hüjümçi Kilian Mbappe «PSŽ» bilen şertnamasyny uzaltmagy ret etdi. Şeýlelikde, ol 2024-nji ýylyň tomsunda erkin agente öwrüler.
Mbappeniň «PSŽ» bilen şertnamasy 2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsüminiň ahyrynda tamamlanar. Ylalaşykda ony ýene bir ýyla uzaltmak mümkindigi baradaky şert bar. Emma Kilian Mbappe şertnamany uzaltmak isle...
TFF-niň kubogy ― 2023: «Altyn asyr» birinji ornuň eýek-täk eýesi
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogynda 4-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi.
Tapgyrda «Energetigi» 4:0 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» utugyny 12-ä çykaryp, birinji ornuň ýeke-täk eýesi boldy.
4-nji tapgyrda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan toparlardan «Merw» 10 utuk bilen ikinji, «Ahal» 7 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. «Aşgabady...
Stiwen Jerrard «Al-Ittifakyň» baş täimçisi boldy
«Liwerpulyň» ozalky futbolçysy, «Aston Willa» bilen «Reýnjersiň» ozalky tälimçisi Stiwen Jerrard tälimçilik ýoluny Saud Arabystanynyň «Al-Ittifak» toparynda dowam eder. Bu barada «Çempionat» italiýaly žurnalist Nikolo Skira salgylanyp habar berdi.
Mundan ozal angliýaly tälimçi bilen grekleriň «Olimpiakos», türkleriň «Trabzonspor» toparlaryny...
«Milan» CAFA Nation's Cup 2023-de gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär
Italiýanyň «Milan» kluby CAFA Nation's Cup halkara ýaryşynda gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär. Has takygy, italýan topary Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremini satyn almak mümkinçiliklerini seljerýär.
Ýeri gelende bellesek, Mehdi Taremi häzirki wagtda Portugaliýanyň «Portu» toparynda çykyş edýär. Portugal...
Türkmenistanda şaýbaly hokkeý boýunça okuw gollanmasy çap edildi
Türkmenistanda «Şaýbaly hokkeýiň nazaryýeti we usulyýeti» atly okuw kitaby neşir edildi.
Neşir Allaberdi Saparow bilen Aşyrmuhammet Hojakulyýew tarapyndan çapa taýýarlandy.
Neşirde şaýbaly hokkeý bilen meşgullanyp başlamak üçin bildiirlýän ilkinji talaplardan başlap, türgenleri taýýarlamagyň nazaryýeti, ylmy usullary barada baý maglum...
MERKEZI AZIÝANYŇ SEBITLEÝIN ÝARYŞY: TÜRKMENISTANYŇ OGLANLAR TOPARY KÜMÜŞ, GYZLAR ÝYGYNDYSY BÜRÜNÇ MEDALLARY EÝELEDILER
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Tennis toplumynda geçirilýän 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasyndaky tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň duşuşyklary jemlendi.
Şu gün ýaryşyň ahyrky duşuşyklary geçirildi. Türkmenistanly oglan-gyzlar jemleýji duşuşyklaryny Täjigistan Respublik...
FINALDA URUGWAÝ BILEN ITALIÝA DUŞUŞAR
Argentinada geçirilýän FIFA U-20 Dünýä Kubogynyň finalyna çykan toparlar belli boldy. Çekeleşikli geçen ýarym final oýunlaryndan soň Urugwaý bilen Italiýanyň U-20 topary finalda oýnamaga hukuk gazandy. Final duşuşygy 11-nji iýunda La Plata şäherindäki Diego Armando Maradona adyndaky stadionda oýnalar.
Ýarym finalda Urugwaý bilen Ysraýylyň ýa...
Katarly şeýh "Mançester Ýunaýtedi" 7,5 mlrd dollara satyn almak üçin ahyrky teklibi berdi
Qatar Islamic Bank edarasynyň başlygy we Kataryň öňki premýer-ministriniň ogly Jasim ben Hamad Al-Tani şu hepde Angliýanyň "Mançester Ýunaýted" futbol klubuny satyn almak üçin bäşinji, ahyrky teklibi hödürledi diýip, "The Guardian" gazeti habar berýär.
Eger, takmynan, 6 mlrd funt sterlinge ($7,53 mlrd) toparyň 100% paýnamasyny satyn almak ba...
Messi näme üçin «Barselona» dolanyp barmandygyny düşündirdi
2022-nji ýylda Dünýä çempionatynyň çempiony, “Altyn topuň” 7 gezek eýesi argentinaly Lionel Messi Ispaniýanyň klubundan Fransiýanyň «PSŽ-sine» geçenindäki ýagdaýyň gaýtalanmagyny islemändigi üçin «Barselona» dolanyp barmady. Messiniň çarşenbe güni beren teswiri Mundo Deportivo gazetinde çap edildi.
Çarşenbe güni Messi Amerikanyň “Int...
“Ýuwentus” Super ligadan çykmak isleýändigini tassyklady
Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby resmi saýtynda beýan bilen çykyş edip, onda Ispaniýanyň “Real” we “Barselona” klublaryna Super liganyň taslamasyndan çykmak isleýändigi barada hat iberendigini tassyklady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär.
Öň, Italiýanyň Futbol federasiýasynyň Federal şikaýat kazyýeti “Ýuwentusa” maliýe aldawlary sebäpl...
Resmi: Messi «Inter Maýami» toparyna geçdi
ABŞ-nyň «Inter Maýami» kluby resmi ýagdaýda Messini düzümine goşandygyny habar berdi.
Argentinaly superýyldyz amerika kluby bilen üç ýyllyk şertnama gol çekişdi. Şertnamada islendik möwsümiň ahyrynda Messiniň topary erkin agent hökmünde terk edip biljekdigi baradaky şert hem girizilipdir.
Messi özüniň näme üçin «Al-Hilalyň» ýa-da ««Ba...
«Rolan Garros»: ýarym finaldaky ilkinji braziliýaly tennisçi boldy
Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilýän «Rolan Garros» «uly tuwulgasynyň» zenanlaryň arasyndaky ýekelik bäsleşiklerinde ýarym finalyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. Olaryň arasynda «uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýarym finalyna ilkinji gezek çykan tennisçi hem bar. Has takygy, dünýäniň 14-nji raketkasy Beatris Haddad Maýýa çärýek finalda tunisli Ons Jab...
Argentinanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Mak Allister «Liwerpul» bilen şertnama baglaşdy
«Liwerpul» jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Aleksis Mak Allister bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşylandygyny habar berdi.
Futbolçy «Liwerpulda» 10-luk belgide çykyş eder. Ozal bu belgini Sadýo Mane, Filippe Koutinýo, Maýkl Ouen, Jon Brans ýaly futbolçylar göteripdiler.
Itali...
Polina Gurýewa Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryna girýän halkara ýaryşa gatnaşýar
Türkmenistanyň Tomusky Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalynyň eýesi agyr atletikaçy Polina Gurýewa şu gün ― 8-nji iýunda Gawana şäherinde başlanýan Kubanyň Gran-prisi ugrundaky ýaryşa gatnaşýar.
ORIENT-iň habar berşi ýaly, Türkmenistan bu ýaryşa üç türgen bilen gatnaşýar. Polina Gurýewadan başga-da Türkmenistana Gaýgysyz Töräýew bilen Şatl...
Zlatan Ibragimowiç karýerasyny tamamlaýar
“Milanyň” 41 ýaşly şwesiýaly hüjümçisi Zlatan Ibragimowiç karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada Italiýanyň HBS-ine salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär.
Ibragimowiç öz gelen netijesini Italiýanyň çempionatynyň 38-nji tapgyrynyň “Milan” – “Werona” (3:1) oýny tamamlanandan soň aýtdy.
“Men maşgalama sabyrlylygy üçin mi...
Messiniň kakasy futbolçy oglunyň “Barselona” gaýdyp barmak isleýändigini aýtdy
Argentinaly hüjümçi Lionel Messi ýene-de Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubunyň düzüminde oýnamak isleýär. Bu barada duşenbe güni oýunçynyň kakasy Horhe Messi habar berdi, onuň teswirini žurnalist Toni Huanmarti özüniň Twitterdäki sahypasynda berdi.
Futbolçynyň kakasy: "Messi “Barselona” gaýdyp barmak isleýär, meniň hem islegim şol. Bu bol...
Saud Arabystany dört futbol klubuny hususylaşdyrmaga rugsat berdi
Saud Arabystanynyň dört futbol kluby – “Al-Ahli”, “Al-Ittihad”, “Al-Nasr” we “Al-Hilal” - maýa goýum taslamasynyň çäginde soňlugy bilen hususylaşdyrmak üçin kompaniýalara öwrülendigini duşenbe güni şazada Muhammet bin Salman Al Saud tarapyndan yglan edildi. Bu barada Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasynyň (Public Investment Fund, PIF) beýanatynd...