Adidas kompaniýasy Germaniýanyň milli ýygyndysynyň köýnekçeleri sargyt edilende janköýerlere 44-lük oýun belgisini saýlamagy gadagan etmek kararyna geldi. Bu barada Sport Bild habar berýär. Bu milli ýygyndynyň Ýewropa çempionatynda geýjek köýnekçelerindäki täze şrift sebäpli 44-lük belginiň geçen asyryň 30-40-njy ýyllarynda faşistik Germaniýada harby güýçleriň – SS-niň nyşany hökmünde hyzmat eden “zig” runasyna meňzeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Oýunçylar öz köýnekçelerinde bu belgini göterip bilmeýärler, sebäbi oýunçylar sanawyna laýyklykda, futbolçylar 1-den 23 aralygyndaky belgileri alyp bilýärler, ýöne janköýerler Adidas onlaýn dükanynda şeýle belgili köýnekçeleri sargyt edip, geýip bilerdiler. Kompaniýa ksenofobiýa, antisemitizme, islendik görnüşdäki zorluga we ýigrenje garşy çykýandygyny we 44-lük belginiň gysga wagtda petiklenjekdigini aýtdy. Ýatlap geçsek, futbol boýunça Ýewropanyň çempionaty 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler. Ýaryşyň toparlaýyn tapgyryna 24 ýygyndy gatnaşar. Germaniýa A toparçasynda Şotlandiýa, Wengriýa we Şweýsariýa garşy oýnar. Öň, biz 2027-nji ýyldan Germaniýanyň milli ýygyndy formasynyň täze üpjün edijisiniň Nike boljakdygyny habar beripdik. 1954-nji ýyldan bäri milli toparyň hyzmatdaşy bolan Adidas bilen şertnama 2026-njy ýylyň dekabr aýyna çenli niýetlenýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir