Aşgabatda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumlarynda geçirilen fijital-sport ýaryşlary tamamlandy. Paýtagtymyzyň ýokary okuw jaýlarynyň we orta mekdepleriniň toparlarynyň gatnaşan bu ýaryşlary dört ugur boýunça: fijital futbol, fijital basketbol, fijital stol tennisi we fijital karate-do boýunça geçirildi. «Fijital» adalgasynyň «hakyky» we «howaýy» diýmegi aňladýan «physical» (beden) we «digital» (sanly) sözlerinden ybaratdygyny ýatladýarys. Sport babatynda bu iki görnüşli ýaryş bolmak bilen, onda şol bir topar ilki hakyky sportda, soň bolsa bu sport görnüşine meňzeş elektron sport oýnunda ýaryşýarlar. Maksatnamada bellenen ähli sport görnüşleriniň netijeleri boýunça ýokary okuw jaýlarynyň toparlarynyň arasynda birinji ýeri 5 altyn medal gazanan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary eýeledi. Orta mekdep okuwçylarynyň arasynda bolsa 3 altyn medal gazanan Aşgabat şäheriniň 52-nji orta mekdebiniň okuwçylary öňdeligi eýeledi. Fijital-sport Türkmenistanda diýseň çalt meşhurlyk gazanýar. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat toparymyz Kazanda geçirilen ilkinji köp sportly «Geljegiň oýunlarynyň» çäginde fijital futbol we fijital basketbol oýunlaryna gatnaşdylar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir