Transfermarkt internet portaly häzirki wagtda dünýäde iň gymmat 10 ýarym goragçynyň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingem eýeledi. Onuň transfer bahasy 180 mln ýewro bilen bahalandyrylýar diýip, championat.com belleýär. Ikinji orundan bäşinji orun aralygynda “Baýeriň” hüjümçi ýarym goragçysy Florian Wirs, “Bawariýanyň” oýunçysy Jamal Musiala, “Arsenalyň” oýunçysy Deklan Raýs we “Mançester Sitiniň” merkezi ýarym goragçysy Rodri ýerleşdi. Oýunçylaryň transfer bahalary birmeňzeş bolup, 110 mln ýewro barabar. Reýting doly görnüşde şeýle: Jud Bellingem (“Real”, 180 mln ýewro); Florian Wirs (“Baýer”, 110 mln ýewro); Jamal Musiala (“Bawariýa”, 110 mln ýewro); Deklan Raýs (“Arsenal”, 110 mln ýewro); Rodri (“Mançester Siti”, 110 mln ýewro); Federiko Walwerde (“Real”, 100 mln ýewro); Martin Edegor (“Arsenal”, 95 mln ýewro); Gawi (“Barselona”, 90 mln ýewro); Eduardu Kamawinga (“Real”, 90 mln ýewro); Orelýen Tçuameni (“Real”, 90 mln ýewro).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir