«Bawariýanyň» hüjümçisi Harri Keýn Futboluň taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýasy (IFFHS) tarapyndan 2023-nji ýylda ýokarky diwizionlarda iň köp gol salan futbolçy hökmünde baýraga mynasyp görüldi. 2023-nji ýylda Keýn 38 gol saldy. Hüjümçi Mýunheniň «Bawariýa» toparynyň düzüminde 21 gezek we Germaniýanyň klubuna geçmezden ozal oýnan «Tottenhem» toparynda 17 gezek tapawutlandy. Görkezijiler dünýäniň iň gowy 100 ligasyndan hasaba alynýar. Görkezijileri boýunça Keýne iň ýakyn oýunçylar «PSŽ-niň» hüjümçisi Kilian Mbappe we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu boldy. Olaryň ikisi hem 34 gol geçirdiler. Ondan öň Keýn ilkinji möwsüminde salan gollarynyň sany boýunça Germaniýanyň çempionatynyň rekordyny täzeledi. Bundesliganyň 26-njy tapgyrynda «Darmştadta» garşy oýnunda (5:2) 30 ýaşly futbolçy duşuşygyň 45+1-nji minudynda tapawutlanmagy başardy. Bu angliýaly futbolçynyň bu möwsümdäki 31-nji goly boldy. Keýnden öň bu üstünlik 1963/64-nji möwsümde Germaniýada ilkinji ýylynda 30 pökgi geçiren Uwe Zeýelere degişlidi. Harri Keýn 2023-nji ýylyň tomsunda «Tottenhemden» «Bawariýa» geçdi, onuň şertnamasy dört ýyla niýetlenendir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir