Türkmen talyplarynyň taslama işleri Dubaýda GOTECH 2025 halkara sergisinde görkezildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary 2025-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berýär.
Halkara sergä nebitgaz pudagynda innowasion çö...

Dowamy »

119 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Türkmenistanda kükürt esasynda çygdan goraýjy örtük döretmegiň tehnologiýasy patentlendi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Tehniki ylymlaryň kandidaty Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin ylmy we tejribeli işleriň netijesinde «Suw desgalary we beýlekiler üçin suwdan goraýjy birleşmeli örtük» döretmek tehnologiýasy işlenip düzüldi we patentleşdirildi. Bu barada "Türkmen...

Dowamy »

100 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýada geçirilen «Beýik miras – umumy geljek» atly halkara foruma gatnaşdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Russiýanyň we Belarus Respublikasynyň Bileleşiginiň Parlament Ýygnagynyň guramagynda 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp Wolgograd şäherinde geçirilen «Beýik miras – umumy geljek» atly halkara foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi...

Dowamy »

138 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

ABŞ-da Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we bilim ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bagyşlanan çäreleri geçirildi

28-29-njy aprelde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Montana we Waýoming ştatlarynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe resmi duşuşyklaryňdyr çäreleriň toplumyny geçirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilý...

Dowamy »

119 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2-nji maýdan Moskwanyň Domodedowo howa menziline uçuşlaryny dowam etdirer

Domodedowo howa menziliniň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça 2-nji maýdan yzygiderli gatnawlary dowam etdirer. Uçuşlar hepdede iki gezek, ýagny duşenbe we anna günleri «Boeing 737-800» uçarynda amala aşyrylar.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi web sahypasynda çap edil...

Dowamy »

127 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Türkmenistanyň bilim ministri Somaliniň ilçisi bilen duşuşdy

30-njy aprelde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Fathudin Ali Mohamedi kabul etdi. Duşuşykda taraplar soňky döwürde iki ýurduň arasynda bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Ministrl...

Dowamy »

124 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri Germaniýada iş saparynda boldular

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekillerinden ybarat topar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Günbatar Sakson welaýatynyň Zwikau şäherindäki Amaly Ylymlar Uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy.
Zwikau Amaly Ylymlar Uniwersiteti (WHZ) Germaniýada inženerçilik, awtomobil senagaty, sanly tehnologiýalar we durn...

Dowamy »

121 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

1-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, «Turkmenistan Airlines» awiakompaniýasy 2-nji maýdan başlap Moskwa uçuşlary gaýtadan dikeldýär, Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ugurlayna emeli aňy ornaşdyrmagyň üstünde iş alnyp barylýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1....

Dowamy »

139 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär diýip, Gah...

Dowamy »

128 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär.
Sara adamsy aradan çykandan soň, saglygy barada aladalanyp, maşk bilen meşgullanyp başlapdyr. Oňa şahsy...

Dowamy »

129 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

ABŞ-da we Germaniýada bitkoin gazyp almak indi düşewüntli däl

CoinShares-iň 2024-nji ýylyň dördünji çärýegi boýunça hasabatyna görä, bitkoin gazyp almak indi girdeji getirmeýär. Munuň sebäbi, her blok üçin baýragyň 3,125 bitkoine (BTC) çenli azalmagy, tordaky kynçylygyň artmagy, elektrik energiýasynyň gymmatlamagy we güýçli enjamlara zerurlygyň döremegi bilen baglanyşykly diýip, «PCWorld» neşiri habar berýär....

Dowamy »

127 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Syýahatçylar Çehiýanyň tokaýynda 340 müň dollarlyk hum tapdylar

Iki sany syýahatçy Çehiýanyň Dwur-Kralowe-nad-Labem şäheriniň golaýyndaky tokaýda 598 sany altyn teňňäni, şaý-sepleri, portsigary we inçe simden ýasalan torbany öz içine alýan hazyna tapdy diýip, «Prague Morning» neşiri habar berýär.
Hazynanyň umumy agramy – 7 kg, altyn teňňeleriň agramy bolsa 3,7 kg. Hazynanyň bahasy, takmynan, 7,5 mln çeh...

Dowamy »

114 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy

Sanofi farmasewtika kompaniýasy düwürtiklere (aknelere) garşy sanjym boýunça kliniki synaglaryň başlandygyny mälim etdi. Bu barlaglara düwürtiklerden ejir çekýän uly ýaşly adamlar hem gatnaşýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär.
Sanjym 18 ýaşdan 45 ýaşa çenli bolan 400 meýletinçide synag ediler. Gatnaşyjylara üç gezek sanjym edilmegi...

Dowamy »

119 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Inguşetiýadan 3000 ýyllyk äpet uly gurluşlar tapyldy

Kerpiç örüji-dikeldijileriň “Naslediýe” mekdebiniň arheologlary, etnograflary we beýleki hünärmenleri Inguşetiýa daglaryndan ýaşy 3000 ýyldan gowrak bolan gadymy äpet binalary we mazary tapdylar. Bu barada ekspedisiýanyň ýolbaşçysy, mekdebiň müdiri Ramzan Sultygowyň sözlerine salgylanýan TASS habar berýär.
"Taryhy taýdan sultygowlaryň we tim...

Dowamy »

127 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Dubaýyň polisiýasy köçelere Mansory-nyň eksklýuziw Rolls-Royce Cullinan ulagynda gözegçilik eder

Dubaýyň polisiýasy ulag parkyna täze patrul ulagyny - Germaniýanyň Mansory atelýesiniň düzen Rolls-Royce Cullinan-yny goşdy. Awtoulag Arabian Travel Market 2025 sergisinde görkezildi we emirlikde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan ulanylýan kaşaň we güýçli ulaglaryň ýygyndysyna goşuldy.
Awtoulag 610 at güýji kuwwaty bolan goşa turbo hereketle...

Dowamy »

112 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Hytaýda 10 ýyldan soň dünýäniň iň beýik “taşlanan” binasynda gurluşyk işleri dikeldildi, bina 117 gatly

Hytaýyň Týanszin şäherinde 597 metrlik Goldin Finans 117 binasynyň gurluşygy 10 ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan başlanýar. Gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanmak meýilleşdirilýär.
Doly gurlup gutarylmadyk bina 2015-nji ýyldan bäri boş ýatyr. Gurluşyk gazna bazarynyň çökmegi we ýapylmak tapgyrynda durýan jaý gurujynyň kynçylyklary bilen bagly d...

Dowamy »

138 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar

A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy. Film 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda dünýä derejesinde görkeziler.
Film UFC-niň iki gezek çempiony, MMA-nyň häzirki...

Dowamy »

122 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy

29-njy aprelde Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Vega-C göteriji raketasyny üstünlikli uçurdy. Apparat Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan badalga aldy we tokaýlary öwrenmek hem-de kömürturşy gazyna gözegçilik etmek üçin ulanyljak Biomass emeli hemrasyny orbita çykardy.
Biomass – Ýeri uzak aralykdan barlamaklyga niýetlenen hemra. Onuň esa...

Dowamy »

109 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Dünýäniň iň garry adamy ady beýik britaniýaly zenana geçdi

116 ýyl 326 gün ýaşynda monah aýal Ina Kanabarro Lukas aradan çykdy – ol dünýäde iň garry adam diýlip hasaplanýardy. Bu barada aýalyň degişli bolan Portu-Alegri şäheriniň dini jemagatyna salgylanyp, AFP habar berýär.
Amerikanyň Gerontologiýa gözlegleri toparynyň (GRG) maglumatlaryna we LongeviQuest maglumatlar bazasyna görä, Lukas aradan çyk...

Dowamy »

111 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp...

Dowamy »

122 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago