Fitch Ratings halkara reýting agentligi Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň (TDDYIB) daşary we milli walýutadaky uzak möhletli emitentiň defolt reýtinglerini «BB-» derejesinde, durnukly çaklama bilen tassyklady. Bu barada agentligiň beýanatynda habar berilýär. Bankyň reýtingi Türkmenistanyň özygtyýarly reýtingi bilen deň derejede kesgitlenildi. Fitch agentliginiň ýokary bahasy Türkmenistanyň güýçli makroykdysady görkezijilerini tassyklaýar. Ýurduň berk maliýe durnuklylygy we döwlet bergisiniň örän pes derejesi bankyň ygtybarly hem-de durnukly işlemegine kepil geçýär. Bank ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, şol sanda nebitgaz we himiýa senagatynda, ulag ulgamynda, oba hojalygynda hem-de saglygy goraýyş ulgamynda strategik ähmiýetli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirýär. Şeýle hem bank daşarky karz serişdelerini çekmek boýunça döwletiň agenti wezipesini ýerine ýetirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir