«Türkmengaz» döwlet konsernine garamagyndaky edara kärhanalar tarapyndan alnyp barylýan gurluşyk işleri üçin zerur bolan möçberdäki polat turbalary satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň degişli kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu baradaky resminama Türkmenistanyň Prezidenti şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda gol çekdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alýar.