A Seria-nyň klublary ligany 18 topara çenli azaltmaga garşy ses berdiler

Italiýanyň A Seria-sy futbol ligasynyň klublarynyň aglabasy ýurduň çempionatynyň iň ýokary diwizionynda çykyş edýän toparlaryň sanynyň azalmagyna garşy boldular diýip, ýaryşyň resmi saýtynda habar berilýär.
Duşenbe güni Milanda, klublaryň paýdarlarynyň mejlisinde Italiýanyň futbolyny özgertmek baradaky tekliplere garaldy. Duşuşykda A Seria l...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

«Aston Martin» täzelenen «Vantage» kupesini tanyşdyrdy

«Aston Martin» «Vantage» kupesiniň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň alty ýyllyk önümçiliginden soň gaýtadan işlenen nusgasy çykaryldy.
Awtoulagyň öňdäki bamperiniň uly bölegini tutýan uly radiator gözenegi has döwrebap dizaýna eýedir. Tehniki aýratynlyklar hem has kämilleşdirildi. Hususan-da, bu britan sport awtoulaglary üçin «Merc...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Silwestr Stallone Rembonyň keşbini kime geçirjekdigini aýtdy

Golliwudyň meşhur aktýory Silwestr Stallone özünden soň Rembonyň keşbini janlandyrmagy haýsy aktýora ynanjakdygyny aýtdy. Onuň söhbetdeşligi «The Tonight Show Starring Jimmy Fallon» gepleşiginiň «YouTube» kanalynda ýerleşdirildi.
Rembonyň keşbini ýerine ýetirýän aktýoryň bellemegine görä, ol bu «estafetany» amerikan aktýory Raýan Goslinge ge...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Marsda interneti nädip döretmeli? Alymlar eýýäm bu meseläniň çözgüdini gözleýärler we synaglary geçirýärler

Ýer bilen Marsyň arasyndaky aragatnaşyk – geljekde Gyzyl planeta amala aşyryljak missiýalar üçin iň kyn we möhüm meseleleriň biridir. Maglumatlary radio tolkunlary arkaly geçirmegiň bar bolan usullarynda ep-esli gijä galmak, pes geçirijilik we planetanyň ýerleşişine garaşlylyk ýaly köp çäklendirmeler bar. ScienceNews neşiri alymlaryň we inženerleri...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

OpenAI-yň başlygy: BAE emeli aň üçin synag meýdançasyna öwrülip biler

OpenAI-yň baş direktory Sem Altman Dubaýda geçirilen AI Everything halkara forumynda çykyş edip, emeli aňyň (AI) geljegi we dünýä täsiri baradaky pikirlerini paýlaşdy diýip, Bloomberg habar berýär.
Altman BAE-niň adamzada peýdaly boljak täze AI tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin “meýdança” öwrülip biljekdigini aýtdy. Ol Emi...

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Ýurgen Klopp “Liwerpuldan” gideninden soň gurluşyk bilen meşgullanar

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gideninden soň gurluşyk bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär. Bu barada Daily Express salgylanyp, championat.com habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Klopp iki sany täze desga gurýar. Olaryň biri Maýnsyň golaýynda, Wisbaden şäherinde ýerleşýär. Şeýle-de, Ýurgen Balear ada...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

“Karateçi oglanjyk” filminiň dowamynda baş keşp üçin aktýor tapyldy

The Hollywood Reporter neşiri “Karateçi oglanjyk” filminiň sikwelinde baş keşbi ýerine ýetirjek aktýoryň adyny aýan etdi. Ol “Asly Hytaýdan bolan amerikaly” serialynyň gahrymany Ben Wan bolar. Bu barada film.ru belleýär.
Şeýle-de, taslama Jeki Çan we Ralf Maççio (“Kobra Kaý”) gatnaşar. Režissýorlyk wezipesini Jonatan Entuistl ýerine ýetirer....

Dowamy »

59 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Aşgabatda nirede awtoulaglara gorag örtüklerini ýelmedip bolýar. Gorag örtükleri näme üçin gerek?

Maşynyň çyzylmagyndan, reňkiniň sypyrylmagyndan, aýnalary we faralary döwülmekden goramak her bir awtoulag sürüjisiniň esasy aladalarynyň biri bolsa gerek. Tötänleýin ýagdaýlardan hiç kim goragly bolmasa-da, bu ýagdaýlaryň zyýanyny azaltmak üçin çäreleri göreniň kem bolmaz.
Aşgabatdaky serwis ähli modellerdäki awtoulaglaryň kuzowyna, aýnalar...

Dowamy »

42 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Beýonse täze albomyny anons etdi we ilkinji iki aýdymyny çykardy

Aýdymçy Beýonse täze Act II albomyny anons etdi. Onuň relizi 29-njy marta meýilleşdirilýär. Bu barada The New York Times neşirine salgylanyp, life.liga.net habar berýär.
Act II Beýonseniň sekizinji albomy we birinji bölümi 2022-nji ýylyň iýul aýynda çykan Renaissance trilogiýasynyň ikinji bölümi bolar. Anonsdan soň Beýonse Texas Hold ’Em we...

Dowamy »

50 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

ABŞ-da iň gymmat öý satuwa çykaryldy

Florida ştatynyň Neýpls şäheriniň etegindäki üç jaýdan we 3,6 gektar ýer böleginden ybarat toplumyň eýeleri ony 295 mln dollara satuwa çykardylar. Eger ol bu bahadan satyn alynsa, ABŞ-da häzire çenli satylan iň gymmat öý bolar diýip, “The Wall street Journal” ýazýar. Muny kommersant.ru ýetirýär.
Gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenleriň belleý...

Dowamy »

62 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Gucci brendiniň ýyllyk satuwy 6% azaldy, Yves Saint Laurent - 4%

Gucci, Balenciaga we Yves Saint Laurent ýaly moda brendlerini öz içine alýan Kering kompaniýasynyň girdejisi 2023-nji ýylda 4% azalyp, 19,6 mlrd ýewro boldy. Arassa girdeji 17% azalyp, 3 mlrd ýewro barabar boldy. Bu barada kommersant.ru belleýär.
Dördünji çärýekde Kering-iň girdejisi 6%, 5 mlrd ýewro çenli azaldy. Bu görkezijileriň peselmeg...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Ýaponiýa fewral aýynda kosmos zibilini öwrenmek üçin hemra uçurar

Ýaponiýanyň Astroscale Japan kompaniýasy kosmos zibilini öwrenmegi maksat edinýän ilkinji hemrany uçurar. Bu barada taslamanyň saýtyna salgylanyp, TASS habar berýär.
ADRAS-J enjamy 19-njy fewralda Täze Zelandiýanyň Mahia ýarym adasynda ýerleşýän hususy Rocket Lab kosmodromyndan uçurylar. Beýikligi 1,2 m we ini 80 sm bolan hemra köp sanly uly...

Dowamy »

64 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Saturnyň aýlarynyň birinde suwuk suw tapyldy. 10 km çuňlukda umman bolmagy ähtimal

Bir wagtlar “Ýyldyz söweşleri” film epopeýasynda “Ölüm ýyldyzynyň” prototipi bolup hyzmat eden Saturnyň hemrasy Mimasda alymlar suwuk suwuň buzasty ummanyny tapdylar diýip, Reuters habar berýär.
Pariž obserwatoriýasyndan doktor Waleri Leneniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary NASA-nyň “Kassini” kosmos gämisinden alnan maglumatlary öwrendi...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Ýer nädip gar şaryna öwrüldi: alymlar gadymy buz eýýamynyň syryny açdylar

Awstraliýaly alymlar 700 million ýyl ozal planetanyň aşa sowamagyna nämäniň sebäp bolandygyny anykladylar. Bu barada Sidneý uniwersitetiniň web sahypasynda aýdylýar.
Doktor Adriana Dutkiewiçiň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary Ýeriň gar şaryna öwrülen döwründäki global Stýort buzlugynyň sebäplerini öwrendi. Geologlar tektonikanyň plita mo...

Dowamy »

65 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň medallarynda Eýfel diňiniň bölejikleri bolar

2024-nji ýyldaky Tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk topary Parižde geçiriljek Oýunlarda türgenlere beriljek medallary tanyşdyrdy.
«Altyn, kümşi we bürünji Fransiýanyň iň gymmatly metaly – Eýfel diňiniň metaly bilen birleşdirmäge synanyşmak üçin köp tagalla edildi» diýip, 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň gur...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Şäherleriňem häsiýeti bar. Alymlar psihologiki howanyň şahsyýete nähili täsir edýändigini öwrendiler

Florida Atlantik Uniwersitetiniň (Florida Atlantic University) psihologlar topary dürli şäherleriň ýaşaýjylarynyň şahsyýet tapawudynyň hakyky psihologiki landşafty we munuň olaryň hal-ýagdaýyna nähili täsir edýändigini açyp görkezýän gözleg geçirdi.
Hünärmenler adamlarda agdyklyk edýän häsiýetleriň görnüşlerini kesgitlemek üçin şahsyýet tipo...

Dowamy »

58 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

Fransiýaly adam otluçöpden Eýfel diňini gurmak üçin 8 ýyl çeken zähmetinden soň rekord goýdy

Fransiýadan Rişar Plo otluçöpden Eýfel diňiniň dünýäde iň uly modelini döretdi. Ol bu taslama 2016-njy ýylda başlady we oňa tas sekiz ýyl, 706 900 otluçöp we 6 müň ýewro sarp etdi. Bu barada NPR habar berýär.
Ilkibaşda Ginnesiň rekordlar kitaby onuň bu üstünligini ykrar etmekden ýüz öwürdi. Sebäbi heýkelde ulanylan otluçöpler söwda taýdan el...

Dowamy »

60 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

“Oskar” kino baýragynda iň gowy kasting üçin nominasiýa peýda bolar. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp,

“Oskar” kino baýragynda iň gowy kasting üçin nominasiýa peýda bolar. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, lenta.ru habar berýär.
Amerikan kinosungat akademiýasy 2026-njy ýylda, 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy üçin täze “Kastingde gazanan üstünlikleri üçin” nominasiýasyny girizer. Baýrak kasting direktorlaryna aktýorlaryň ha...

Dowamy »

55 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

UEFA-nyň prezidenti Çeferin 2027-nji ýylda wezipesinden gider

Sloweniýaly Aleksander Çeferin 2027-nji ýylda Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň (UEFA) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy meýilleşdirmeýär. Bu barada ol metbugat maslahatynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.
Ol koronawirusdan, Superliga bilen bagly wakalardan ýadandygyny hem-de ýyllap görüşmeýän maşgalasynyň ýanynda bol...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago

HBS: Tom Kruz Tarantinonyň “Film tankytçysy” filminiň surata düşürilmegine goşulyp biler

Tom Kruz Kwentin Tarantinonyň soňky filmi “Film tankytçysynyň” ýyldyzlar ansamblyna goşulyp biler. Žurnalist Jeff Snaýder bu barada The InSneider portalynda habar berýär.
Žurnalistiň sözlerine görä, Kruz režissýor bilen gepleşik geçirýär we komediýa-dramada ikinji derejeli keşbi oýnamak üçin meýilnamasyny sazlamaga synanyşýar.
Taranti...

Dowamy »

47 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago