Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer. Bu taslama halkara HKS binagärlik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we giň gerimli North Pole Project şäher gurluşyk başlangyjynyň bir bölegidir. Rise Tower binasynyň 678 gatly bolmagy we onda myhmanhanalaryň, restoranlaryň, edara jaýlarynyň we synlaýyş meýdançalarynyň ýerleşmegi göz öňünde tutulýar. Gökdiräniň gurluşygyna 2026-njy ýylda King Halid halkara howa menziliniň golaýynda başlamak meýilleşdirilýär. Esasy işlerini 2030-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Taslama boýunça Rise Tower-iň belent nokady 2000 metre ýeter. Deňeşdirmek üçin, Burj Halifa diňiniň beýikligi 828 metr, Jeddah Tower-iňki bolsa, meýilleşdirilişine görä, 1000 metrden hem geçer. Ýanaşyk ýerlerini ösdürmek döwrebap ulag infrastrukturasyny döretmegi öz içine alýar. North Pole Project-iň çäklerinde ýokary tizlikli metrony we awtonom ulag ulgamlaryny işe girizmek meýilleşdirýär.