Barselona bu gije Ispaniýaň La Ligasynda öz öýünde, Nou Kampda Lewantany kabul etdi. Eger bu oýunda ýeňiş gazansa Ispaniýaň çempiony bolmalydy. Şonuň üçin bu oýun esasy duşuşyklaň biri. Şonuň ýalyda 1-nji maýda boljak Çempionlar Ligasynyň ýarym final oýnundan öň Ispaniýadaky çempionatyň "meselesini" çozseler özlerine ýeňil boljak. Nou Kampda çempionlygy gazanmak bolsa başga bir duýgy, şonuň üçin bu duşuşyk esasy bolup galaýýar.
Bu pursaty sypdyrmajak Barselona bolsa Messisiz 1-nji ýarymda gol salyp bilmedi. 2-nji ýarymyň başynda oýna giren Messiden soň oýun hasam gyzyşdy we Messi ýene bir gezek özi oýnamasa bolmajagyny belli edip, Widalyň kelle bilen beren pasyny Lewantaň derwezesine geçirmegi başardy. Ikinji ýarymyň soňlarynda Lewanta güýçli hüjümler edenem bolsa hasaby deňlemegi başarmady. Şeýdip Barselona Ispaniýaň 26-njy gezek çempiony bolmagy başardy.

Bizem öz adymdan bütin Barsa janköýerlerini bu ýeňiş bilen gutlaýan. Çempionlar Ligasynda uly üstünlik arzuw edýän.
Vamoooooooos Barca🔴🔵

Sport, messibet tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir