Şeýle gyzlary bar,örän owadan, Uzyn köýnek,örüm saç,gyzlar obadan. Dünýäde ýeketäk Alla ýaradan, Türkmenimiň gyzlaryna döneýin! Akja ýüzli gyzlar,edil guw ýaly, Edepli,ekramly,,uýat-haýaly, Näçe wasp etseň-de,şonça az yaly, Öz ýurdumyň gyzlaryna döneýin! Ýaz gelse,güllerde bilbiller üýşýär, Leýli-Mejnun bolup,ýaşlar söýüşýär, Bilbildek saýraýşym ýadyma düşýär, Şol gijeli ,ýazlaryna döneýin! Bir gyz peşgeş berdi,Beýik Ýaradan, Biz aşygy keşbi bilen ereden, Ogryn-ogryn men taraba serden, Şol perimiň gözlerine döneýin! Kirpikleri uzyn,gaşlary gara, Ýarym bilen biz çykanda kenara, Utanjyrap,çala bakyp Serdara, "Gepläý!" diýen sözlerine döneýin! Ýakynda düzdüm...

Köneler, Mollanepes tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir