Bagty bolup bar! Arzuwlarym doly durmuş toýuňa, Ýazgydyň, nesibäň nagty bolup bar! Ykbal ýodasynda baran öýüňe, Asmanyň aýyndan ýagty bolup bar! Başyňa täç edip gyzlyk edebiň, Bagta ýorgun Taňryň sowgat edenin, Ýar ýolunda dursun süňňüň, bedeniň, Öý bezegi, arşy-tagty bolup bar! Rysgalna rysgal goş, şatlygna şatlyk, Ak ýollarda bolsun gadamyň batly, Arzuw edýän söýgi bilen abatlyk, Agzybirlik gül daragty bolup bar! Rysgal insin ak unuňa, elegňe, Perişdeler „ämiýn“ diýsin dilegňe, Guwanyp gez munda bagtyň gelenne, Söýginiň mynasyp wagty bolup bar! Toý gününde, hoş sözlerden dadanda, Bagtdan gowy arzuw bolmaz adamda. Gelin bolup, bir ojaga ädeňde Asmanyň aýyndan ýagty bolup bar! Alla kimi ýazan bolsa alnyňa, Şol ýigidiň diňe bagty bolup bar! R.Gylyjow
Bagty bolup bar!
-
Cris
15 years ago
- Gaty gowy gosgy
-
ahmetjan18
15 years ago
- sag bol hydyrata gaty oñat gosgy
-
akrap05
15 years ago
- Hydyrata salam manyly gosgy eken yazanyn ucin minnetdar
-
ruqaya
15 years ago
sag bol :)
-
fistik
15 years ago
- sagbol goşgy üçin.
-
Gozela
15 years ago
- Hydyrata saol manyly gosgy eken minnetdar!
-
bmw525
15 years ago
- Gosgy name baraday. Okamagada yaltanyanda, gazela agshamyn hayyrly!
-
Gozela
15 years ago
- Senem agsamyn hayrly bmw.men gitmeli gijirak gelern
-
bmw525
15 years ago
- Gazel garashayynmy?
-
Goool
15 years ago
- gyz agzalar okan size degishli goshgy!
-
tssspbgut
15 years ago
- gyzlaryn bary su gosgyny yatdan bilselerda!!
nauk 15 years ago- sag bol hydyr aga allajan razy bolsyn