Salam hormatly blogçylar we okajylar. Menden "blog ýöretmegiñ näme peýdasy bar?" diýip kän soraýalar. Menem shu blogumda öz pikirlerimi ýazaýyn. Blog ýöretýänler bilýändir, blog ýöretmekde minus tarapyndan, plýus tarapy kändir. Pikirlenýän welin, minus tarapyny görmedimem. Ýeri, blog ýöretmek näme üçin gerek? 1. Ruhy lezzet. Meniñ blog ýöretmegimiñ birinji sebäbide ruhy lezzet almakdyr. Okaýjylar bilen peýdaly maglumatlar paýlashmak, olara pikiriñi aýtmak we goldawlaryny almakdan uly lezzet ýokdur. :). Okaýjysyz blogçy, blogçy däldir. Gazanç etmek. Köp blogçylaryñ esasy maksady gazanç etmekdir. Blog ýöredip gowy gazançlar edip bolýar. Meselem, blogyñda göni we awtomatiki reklamalar satyp bolýar.Admitad programmasy arkaly gazanmak we linkler satmak arkaly gowy gazanç gazanyp bolýar. Indiki blogymda, bu hakda giñishleýin maglumat goýjak bolaryn. 3. Ishjeñ gatnashyklar Öz tematikañyz bilen gyzyklanýan täze dostlary tapmak, olar bilen ishjeñ gatnashyklar gurmak hijem zyýany degmez. Bu döwür bilýänsiñiz, tanysh bolmasa uzaga gidip bolanok. ;). 4. Kämilleshmek Käwagtlar bloglarymda ýalñysh düshünjelerimi ýazýan. Okaýjylar bilen debate edip, ýalñyshlyklaryma düshünýän. Eýsem bu özüñi kämilleshdirmek dälmi? :) Ine hormatly agzalar, blog ýöretmek hakynda gysgajyk pikirlerimi ýazdym. Beýleki blogçylaryñ pikirleri bashgaçadyr, olaram ýazarlar. p.s. Munça boldy, pursatdan peýdalanyp öz blogymy reklama edeýin. :) Bolýala, beýleki dostlarymam gaty görmesin. Olaram goýaýyn. Agajanh.com Vadimtorin.com Sapar.mammedow.com Maxathanja.com (Negro daýy) Jumayev.com Pankelle.blogspot.com we bashgalar. :). Ýüze çykan soraglary çekinmän berip bilersiñiz, jogap bermek üçin synanshyp göreýin. :) okanyñyz üçin minnetdar.

Köneler, Bayram-Jm tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir