BIR SAGAT Gapyny acyp oye girdi. Eyyam sagat gor nace bolup gidipdi. Bu taze bashlygam yaman kelle agyry bolup bashlapdy. Sherekedin kop ishlerinin ona ynanylmagy aslynda gowam bolsa oye gic gelmek yokush degyardi birneme.. Yadawlyk bashga bir tarapy, yadawlyk bilen bir hatarda doreyan gaharam beyleki erbet tarapydy meselanin. Kowshunin bagjyklarini chozup bashlanynda alkymyna gelip duran gyzyny gordu. Yuzi yadaw we ukuly gorunyardi gyzjagazyn. “Henizem yatanokmy?” diyip gygyryp jogap berdi onun “Hoshgeldin kakajan” sozlerine.. Gyzjagaz tisginip gitse-de azajyk gorky bilen garysyk mylayim sesi bilen “Kakajan sen bir sagatda nache pul gazanyan? diyip sorady. “Hany boldy et.. Yumruk yaltjak bolup sorayan soraglaryn dagyn nahili? 20 mun manat.. Boldumy? Bah bu gyzy.. Bar derrew yerine gecip yat.. Senin samsyk soraglaryna jogap berer yali wagtym yok.. Yadaw men..” diyip gahar bilen ashana ugrady.. Bir gyrada suw ichip oturshyna gyzynyn “mana 10 mun manat karz ber-ay?” diymegine gaharlanyp bashlady. Name etjekka oncha puly, indiki chagalar na-tenet bolup bashlady.. Huday saklawersin.. Gunde nache manat sowalga beryarin, name edyarka oncha pullary.. Ejesi hem chaltrak gelaybilseydir.. Yas bolanda name 3 gunluk gitme-de diydim welin, shumjaryp bashlanson rugsat beraydim-da.. Ol bolan bolsady gowy bolardy.. Ol eyden bolyar, beyden bolyar, ballym diyen bolyar gusum diyen bolyar garaz ugruny tapyar bu bihepbe gyzyn.. Men basaramok beyle zatlary men kaka men ishleyan, ishdaki wakalar meni tasir astyna alyar ahyryn.Ol yene birneme ozuche gaharlanyp oturshyna yarym sagat chemesi wagt gechdi. Yadawlyk azaldy, kosesdi.. sowady birneme gahary.. Indi bolsa eyjejik gyzjagazyna nebsi agyryp bashlady.. Ozunin sowuk jogaplaryna garamazdan nahili mahirli gurleshyardi kakasy bilen.. Ol entek gor nahili kicijekdi. Nahili mahir we soygi bilen doludy eyjejik yuregi.. Birhili yylgyryp gitdi yatlamalarynyn arasyna gireninden.. Gyzjagaz kakasyny at edip, arkasyna munup heziller edyardi onun keypi kok wagty.. Sadyyan gulkusi nahili yakimlidi onun. Yone sonky wagtlar isinden gic gelenson beyle wakalar azalypdy gyzjagazyn durmusynda..

Köneler, yslam tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir