Gorkana goşanyň goşasy görüner...

Ir-säher bilen, güneş şuglalary, süýji ukuda ýatan Çarynyň ýüzüne mylaýym mähir berdi, myýmyk şemal bolsa emaý bilen sypalap geçdi. Edepli-ekramly çaga, gözlerini açyp, ýuwunmaga ýöredi, irdenki maşk, ertirlik-nahar, soňra bolsa mekdep-okuwyna. Çary adaty çagalar ýaly, emma onuň içki dünýäsi welin düýbünden üýtgeşik öwşgünli. Mekdebe baranyndan soň, adatdakylardaky ýaly sapaklary tamamlap, klasdaşlary bilen üýşüşip dükana bardylar. Gyzjagazlar-oglanlar dükanyň içinde hersi birzada gümra, kimleri haryt alyp hasaplaşyk geçýär, kimler başga harytlary synlaýar, kimleri bolsa satyn alan süýji-kökelerini şol dükanda açyp iýýär. Çary hem bir gyra geçip, satyn alan söýgüli şokaladyny iýýär. Nirdendigi bellidäl, duýdansyz ýagdaýda bir gyzjagazyň çirkin sesi dükanyň içine ýaýraýar. Ähli çagalar ylgaşlap, dükanyň burçuna bukulýarlar. Emma Çary, başgalaryň nämeden beýle gorkanyny bilmek üçin, synlap duruberdi. Ol bolmaşynada sen-men ýok çaltlyk bilen başga bir oglanjyk gelip Çaryny gujaklajak boldy. Arman... Arman... Gujaklap bilmedi. Sebäbi gujaklamak üçin eller gerek... Şondada ol nätänyş oglan, tirsekden ýokary aýrylan gollary bilen Çara tarap gysmyljyrady, göýä gujaklaýandek kellesini Çaryjygyň egninde goýup, Çaryjygyň egnini, äňi bilen bagryna basýar. Bukulyp duran çagalar bolýan waka haýran galyşyp pyşyrdaşdylar. Çaryjyk bolsa ähli zada düşündi hem uzak wagt dymanyndan soň:
- Köşeş köşeş. Dur dost. Näme boldy!? - diýip Elsiz-oglanjykdan sorady. Ol oglanjyk gözlerini çala ýaşlap:
- Dost, ýör daşaryk çykaýalyda. Aňyrrakda otyraýalyda. Haýşt edýän. Ýör hol ýerik geçip azajyk ýanymda oturaýda. Onsaň näme bolanyny aýdaýyn, ýör bärden gidäýelidä!!! - diýip, Çaryjygyň arkasyna geçip elsiz-eginjigi bilen Çaryny dükandan daşary çykarmak üçin itip başlady. Çary içinden "Kösenmesin" diýip:
- Ýör-ýör dost, gel-gel ine çykaýars. - diýip dükandan daşyna çykyp, bile azyrak ýöränlerinden soňra ýaňky oglanjyk ýene Çara:
- Dost gel şu ýerde oturaýalyda, gelsene, gel gürleşeli. Meň bilen gürleşäýdä. Haýşt edýän. Ýalbarýan saňa.
+Bolýa bolýa. Arkaýyn bol. Gel gürleşeli. Näme boldy? Aýdyber ine diňleýän.- diýip oglanjygyň ýanynda otyryberdi. Oglanjyk gürrüňe başlady:
- Has kiçiräkkäm garagoldym. Onsaň bilemokda. Baryp transformatory elläpdirin. Gök ýyldyrym çykyp yza zyňylanymy hem elsiz oýananymy bilýän. Dogtarlar "Garagolluk etmesin" diýip elimi kesipdirler. Innem "Sen eliň ýok" diýip hiç çaga meň bilen oýnanok. Dost bolanok. Olar menden gorkýalar. Men gorkunçdälä, diňe elim ýok. Sen dostum bolaý. Sen maňa dost bolaý!!! - diýip naýynjar haýşt eden oglanjyga, ýüregi awan Çaryjyk:
- Bolýa bolýa. Ine gel dost bolaly. Men gorkamok senden. - diýip güldide golsuz-oglanjygyň egnine kakdy. Ol oglanjyk Çara begenip, begenjinden ýaňa iki bolup bilmedi. Çagalar ondan mundan gürrüň edip otyrkalar aňyrrakda bir okuwçy gyz "Çary, Çaryyy. Seni mugallym çagyrýar. Sapaga geleňok diýýär" diýip gygyrdy. Çary:
- Dost bagşla, gaty görme. Barmasam maňa ikilik goýarlar. Men gitmeli...
+ Bolýa bolýa. Sagbol. Menem öýe gaýdaýyn. Ol klasdaşlaryňa aýdaýda men dälidäl. Men ýöne olar bilen oýnasym geldidä.
- Bolýa. Hökman aýdaryn. Sagbol onda. - diýip Çary ýaňky çagyran gyzjagazyň ýanyna ylgap bardy. Olar bile klasa dolandyrlar. Baryp klasa girenlerinde, mugallym hem başga mesele bilen klasdan gidipdir. Çary klasa gireninden "Eeee Çary gorkmadyňmy? Ol seni urdymy? Seni dişledimi? Senem öýlerine süýräp äkitjek boldymy? Gormkmadyňmy? Ýüregiň bulanmadymy?" diýip klasdaşlary her ýerden Çara sorag baryny ýagdyrdylar. Çary barysyna bir sözde:
- Nä dälirediňizmaý. Olam bizýaly çaga. Bolanda nä elsiz. Olam bizýaly adam. - diýip jogap berdi. Şeýlelik bilen herkim puşyrdaşyp okuwlaryny dowam etdiler. Sapaklary gutaranyndan soň bolsa herkim öýli-öýüne gaýtdylar. Çarynyň ýaşaýşy oba ýerde bolansoň ol uzagrak ýol ýöredi. Öýlerine ýetip howlylaryna gireninden, kakasynyň mal ýatakda bir goýuny kowalap tutup güýrüşine(güýrmek=daňmak) gözi düşdi. Oglanjyk täze okuw eşiklerini çykarman, nahar iýmän göni kakasynyň ýanyna bardy. Kakasy bilen görüşip hal-ahwal soraşanyndan soň:
- Kaka, goýuny näme etjek bolýaň?
+ Oglum. Hurşumuz(Et önümleri) gutarypdyr. Şol sebäpli halallajak bolýan. Tüweleme sen hem uly oglan, gel sen hem gör. - diýip Bäşim aga ogluny ýanyna çagyrdy. Bäşim aga akylly-başly adam hem bolsa Çaryjyga artyk baha beräýen bolsa nätjek!? Goýuny göterip damak-çalmak üçin gazylan çukura elten Çary agaň, pyçagyny çalyp(ýiteldip) "Bissimillähirahmanrahym" diýip goýuny halallady. Janda! Goýun pahyr daňylgy hem bolsa çabalandy, sypyp bilmän, gyrmyzy ganyny damagyndan döküp jan berdi. Emma Çaryjyk... Çaganyň gözleri hanasyndan çykaýjak bolýardy. Ep-esli wagt şokda doňňara daşa-dönen çaganyň Bäşim aganyň güýçli silkelemesi özüne getirdi. Bäşim aga:
- Çary ýeri saňa näme boldyhow. Näme gorkdyňmy?
+ Ýýýýok. Gorkamok. Ol indi öldümi?
- Bar hany ejeň ýanyna samsyk gürleme... -diýip Bäşim aga Çaryjygy göterip öýe getirdi hem suw berdi. Bu zatlary synlap habarly bolup duran Läle gelneje Çaryjygy bagryna basdy. Çaga ep-esli wagt özüne gelmedi. Aňy açylyşanyndan soň agşama çenli oýnama ugradylan çaga gün batanyndan soň öýlerine gelip aç garnyny doýurup ýadaw halyna uka uka batdy. Bäşim aga Läle gelnine "Keýwany, bugün gaty ukada gitme. Ol goýun oglumyzyň düýşüne girer, berk bol" diýip tabşyrdy agşam neneň geçerkä!?...

1-nji bölümiň soňy

Awtor: IDEALLIDER. Şu makalany awtoruň razylygyny almazdan başga ýerde paýlaşmak gadagan edilýär.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir